Russiýalylar sosial ulgamlarda "kiçi piketler" bilen urşa garşy çykýarlar: "Kiçi iş etmek aýyp däl, hiç zat etmezlik aýyp"

Kremliň öňünde bu garşylyk bildirýän plastik şekiliň suraty 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde malenkiy_piket Instagram hasabynda ýerleşdirildi.

Urşa garşy heýkeljik Sankt-Peterburgdaky Finlandiýa duralgasynda goýuldy.
 

Sankt-Peterburgda urşa garşy şekiller. Olaryň birisinde şeýle ýazylan: *** ***** («Ýok bolsun uruş»)
 

Plakatdaky ýazgy: «Putin, biziň durmuşymyzdan ýok bol»
 

Sankt-Peterburgyň kanallarynyň biriniň ýanynda ýerleşdirilen bu şekilde: «Uruş barýar. Russiýa Ukrainany bombalaýar. Biz näme üçin uruşýarys?» diýip, ýolagçylara ýatladylýar.

Russiýanyň çola bir demirýol duralgasynda, ýolagçylara görner ýaly ýerde goýlan bu ýazgyda: "Biz bilelikde muny togtadyp bilerdik, ýöne sen diňe özüňi alada edýärsiň" diýilýär.
 

Moskwa derýasynyň köprüsiniň üstünde, Kremliň garşysynda goýlan  şekillerdäki ýazgylar: «Çagalary öldürmegi bes et» we «Dur, ganhor Wladimir»
 

«Hiç bir gutulyş ýok. Bu – uruş, bizi öldürýärler» diýip, protestde aýdylýar.
 

«Atma»

«Ýene 5 ýyldan bu akyla sygmajak iş hem onuň propagandasy üçin, Russiýada bar adama aýyp bolar» diýip, kiçijik protestçi duýdurýar.
 

Plastelinden ýasalan adamjyk: "Bu diňe Putin däl" diýip tassyklaýar.
 

Ufa şäherinde kiçijik topuň nilinden: «Ýok bolsun uruş» diýen ýazgy asylypdyr.

Lukmanyň kiçijik şekili şeýle ýazgyny tutup dur: "Adamlary soňy bilen uruşda ölmekleri üçin bejermeýärin"