Şu ýylyň birinji ýarymynda Russiýadan müňlerçe täjik raýaty deportasiýa edildi. Bu rus häkimiýetleriniň martda Moskwanyň söwda merkezleriniň birine edilen ganly hüjümden soň, migrantlaryň barlaglaryny güýçlendirmeginiň arasynda bolup geçdi. 144 adamyň ölümine getiren hüjüm bilen ilteşikli saklananlaryň arasynda Täjigistanyň dört raýaty hem bardy.
Täjigistanyň resmileriniň maglumatyna görä, şu ýylyň alty aýynyň dowamynda Russiýadan 17 müňden hem aşa täjik raýaty deportasiýa edilipdir.
Bu aralykda, täjik zähmet migrantlarynyň köpüsi, Russiýadaky ýitileşen ksenafobiýa we gadagançylyklar sebäpli, bu ýurdy öz islegleri bilen terk edip başladylar.