Sankt-Peterburgda saklanan türkmen raýaty tanyşlyk saýtynda tapylan iki aýaly zorlamakda aýyplanýar, Woronežde bolsa bir türkmenistanly maşgala zorlugynda aýyplandy diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.
Ýerli metbugatyň habaryna görä, Leningrad sebitiniň Murino şäheriniň ýaşaýjysy, 43 ýaşly ýaşaýjy polisiýa ýüz tutup, 18-nji fewralda tanyşlyk sahypasynda Mark diýlip hasaba alnan bir erkek bilen tanşandygyny aýtdy.
Olar 20-nji fewralda duşuşanda, erkegiň hakyky adynyň Amirdigi, şeýle-de onuň türkmenistanlydygy belli bolýar. Aýdylmagyna görä, şondan soň kän wagt geçmänkä, Amir ol aýaly awtoulagynyň yzky oturgyjynda zorlapdyr.
Güman edilýän 32 ýaşly erkek 21-nji fewralda, Sankt-Peterburgda tussag edildi. Resminamalara görä, onuň adynyň Baýramdygy anyklandy. Ol Russiýa okamak üçin gelip, taksi sürüjisi bolup işe başlapdyr we mundan öň resminamalary galplaşdyrmakda günäli tapylypdyr.
23-nji fewralda Sankt-Peterburgyň ýene bir ýaşaýjysy, 45 ýaşly aýal polisiýa gelip, Baýramyň özüni bir hepde öň taksi awtoulagynda zorlandygyny aýtdy. Ol hem güman edilýän bilen tanyşlyk saýtynda tanşypdyr.
Baýram ilkinji duşuşykda maşynyny ýük awtoulagynyň arkasynda goýup, yzky oturgyja geçdi we, garşylyk görkezmeligi üçin bogup, aýaly zorlady diýip, habarda aýdylýar. Ejir çeken ilki polisiýa bilen iş salyşmak islemändir, ýöne metbugatda tussagyň suratyny görüp, ony tanap, pikirini üýtgedipdir..
Şu aralykda, Woronež şäherinde ýaşaýan 57 ýaşly Ýelena ýerli metbugata ýüz tutup, türkmenistanly adamsyndan şikaýat etdi. Ol bir kafede administrator bolup işleýän wagtynda özünden has kiçi ýaşly Halmyrat (metbugat ony Holmurod diýip atlandyrýar) bilen tanşandygyny gürrüň berdi.
Halmyrat 2015-nji ýylda Russiýanyň raýatlygyny alanyndan soň, olar durmuş gurýarlar. Başda olar Ýelenanyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagynda ýaşadylar, soň onuň ejesiniň beren puluna bagbançylyk jemgyýetinden ýer satyn alýarlar. Halmyrat ol ýerde öz eli bilen jaý salýar. Ol gurluşyk bilen meşgullandy, aýaly hem işläp gazanç etdi.
Wagtyň geçmegi bilen, adamsy Ýelenany ýenjip başlady diýip, “Turkmen.news” olaryň soňra aýrylyşandygyny we aralarynda emläk, jaý dawasynyň dörändigini habar berýär.
Žurnalistler Halmyrat bilen habarlaşyp, düşündiriş soradylar. Ol öňki aýalynyň özüne töhmet atýandygyny aýtdy we habarçynyň nomerini petikledi diýip, habarda aýdylýar.
Azatlyk radiosy ejir çekenler we aýyplanýanlar bilen habarlaşyp, hakykatda nämeleriň bolandygyny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.