Russiýada tussaglykdaky AÝ/AR-nyň žurnalistiniň adamsy aýalynyň “syýasy tussagdygyny” aýdýar

Alsu Kurmaşewa adamsy Pawel Butorin bilen (arhiw suraty)

Russiýada tussaglykda saklanýan ABŞ žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň adamsy aýalynyň “syýasy tussagdygyny” aýtdy, şeýle-de Birleşen Ştatlardan onuň “ýalňyşlyk bilen tussag edilendigi” hökmünde häsiýetlendirilmegini sorady.

Russiýa Kurmaşewanyň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmandygyny aýdyp, 18-nji oktýabrda ony tussaglyga ýerleşdirdi.

Onuň adamsy Pawel Butorin tussaglykdaky aýalyna konsullyk girişiň indi kepillendirilmelidigini aýtdy we munuň onuň hukuklarynyň bozulmagyna getirýändigini belledi.

Butorin hem ABŞ raýaty bolup, ol hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky edarasynda işleýär.