Musumanlaryň ruhy dolandyryş edarasynyň (DUM) Ulema Geňeşi musulman erkekleriň mümkinçilikleri barada geçen hepde çap eden “Russiýa Federasiýasynyň musulman jemgyýetinde köp aýallylyk problemasy” atly fatwasyny yzyna aldy. Muňa 23-nji dekabrda Russiýanyň Baş prokuraturasynyň DUM-yň başlygy Rawil Gaýnutdinden kanuna garşy gelýän teklibi ýatyrmak barada eden talaby sebäp boldy.
Bu fetwa musulmanlaryň dini nikasyna degişli bolup, musulman erkekleriň belli bir şertlerde birden köp aýal bilen dini nikalaşmagyna rugsat berilmegini we aýallaryň sanynyň dörde çenli bolmagyny we erkek adamyň olara deň derejede çemeleşmelidigi öňe sürýär.
TASS we Interfaks habar agentlikleriniň Baş prokuraturadaky çeşmelerine görä, bu edara Musulmanlaryň ruhy müdirliginiň fetwasy ýurduň maşgala kanunlaryna ters gelýär diýen netijä gelipdir.
Mundan öň DUM öz fetwasynyň “aýal-gyzlary we çagalary goraýandygyny we Russiýa Federasiýasynyň kanunlaryna garşy gelmeýändigini”, şeýle hem Ukrainadaky uruşda “ölenleriň dul aýallaryny we ýetimlerini goraýandygyny” aýdypdy.