Russiýa Yemenden, huti araçylary arkaly, söweşiji toplaýar

"The Financial Times" Russiýanyň ýemenli erkekleri Ukrainadaky urşa gatnaşmaga çekýändigini habar berýär

"The Financial Times" Russiýanyň ýüzlerçe ýemenli erkegi Ukrainadaky urşa gatnaşmaga çekýändigini, olara ýokary aýlyklaryň we mümkin bolan rus raýatlygynyň wada berlendigini ýazýar.

23-nji noýabrda çap edilen habarda aýdylmagyna görä, bu erkekleriň Russiýa syýahat etmegine Huti bilen baglanyşykly kompaniýa kömek edipdir.

Soň bu erkekleriň zor bilen rus goşunynyň hataryna alnandygy we Ukraina, öň hatarlarda söweşmäge iberilendigi aýdylýar.

Demirgazyk Koreýanyň müňlerçe esgeriniň rus goşunlary bilen bilelikde türgenleşmäge we söweşmäge iberilýändigi baradaky habarlaryň yzysüre, gazetiň bellemegine görä, bu çäre Kremliň daşary ýurtly söweşijilerden peýdalanyp, ýurt içinde doly mobilizasiýa ýüz urmakdan her edip, hesip edip gaça durmaga synanyşýandygy görkezýär.