Russiýa we Hytaý ABŞ-nyň taýýarlan karar taslamasyna weto goýdy

Russiýa we Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ-nyň Ysraýyl-Hamas urşy barada taýýarlan kararynyň taslamasyna weto goýdy.

Russiýa we Hytaý 25-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ-nyň Ysraýyl-Hamas urşy barada taýýarlan kararynyň taslamasyna weto goýdy, Russiýa tarapyndan taýýarlanan karar taslamasy bolsa, kabul edilmegi üçin zerur bolan iň az sesi hem alyp bilmedi.

ABŞ-nyň taslamasy Gazada barha erbetleşýän gumanitar krizisiň öňüni almagy maksat edinýär. Emma geňeş agzalarynyň 10-sy tarapyndan goldanan taslama Birleşen Arap Emirlikleri garşy boldy, Braziliýa we Mozambik bolsa saklandy.

Geňeş soňra Russiýa tarapyndan taýýarlanan karar taslamasyna ses berdi, bu taslamada gumanitar ýaraşyga çagyrylýar.

Bu taslama diňe Russiýa, Hytaý, BAE we Gabon ses berdi, dokuz agza saklandy, ABŞ we Angliýa rus taslamasyna garşy çykdy.