Russiýa Ukrainanyň regionlaryna 80-e golaý dron bilen hüjüm etdi

Russiýanyň 23-nji sentýabrda Ukrainanyň Zaporižýa sebitine uran zarbalarynyň netijeleri.

24-nji sentýabrda Ukraina Russiýanyň ýurduň sekiz regionyna atan 81 dronunyň 66-ny urup düşürdi diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri Telegramda mälim etdi. Maglumatda Russiýanyň, ir bilen eden hüjüminde, dört raketany hem atandygy bellenilýär.

Ukrainanyň gündogaryndaky Poltawa şäheriniň resmileri rus zarbalarynda energiýa infrastrukturasyna zeper ýetendigini habar berdiler.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň ýurduň Belgorod, Kursk we Brýansk regionlaryna atan 13 dronuny urandygyny aýtdy.