Russiýa Ukrainanyň 14 regionyna dronlar bilen hüjüm etdi

Russiýanyň 15-nji oktýabrda Ukrainanyň Mykolaýiw şäherine uran zarbasynyň netijesinde bir bazar ot aldy.

16-njy oktýabrda Russiýa Ukraina 136 dron we iki sany dolandyrylýan raketa bilen hüjüm etdi, emma olaryň aglabasy Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly ýok edildi diýip, Kiýewiň Harby howa güýçleri Telegramda mälim etdiler.

Maglumatda 51 dronuň ýurduň 14 regionynyň üstünde urlandygy, ýene-de 60-synyň elektroniki söweş çäreleriniň kömegi bilen zyýansyzlandyrylandygy aýdylýar.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň Belogorod we Woronež sebitleriniň üstünde Ukrainanyň atan üç dronunyň ýok edilendigini habar berdi.