Russiýa Ukraina eden “uly” hüjüminde kontinentara ballistik raketasyny ulandy - Kiýew

Kreml kontinentara ballistik raketasynyň ulanylandygy barada aýdylýanlara düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Russiýa 21-nji noýabr güni irden Ukraina garşy uly raketa hüjümini edip, azyndan iki sebite zyýan ýetirdi diýip, Ukrainanyň howa güýçleri we sebit ýolbaşçylary habar berdiler. Bu aralykda tutuş ýurt birnäçe sagatlap howa hüjümi duýduryşy astynda boldy.

Rus hüjümi, kontinentara ballistik raketasynyň ulanylmagyny öz içine almak bilen, Ukrainanyň Britaniýanyň beren “Storm Shadow” raketalaryny we ABŞ-da öndürilen ATACMS ulgamlaryny, prezident Jo Baýdeniň uzak oýlanylan tassyklamasyndan soň, Russiýanyň has içindäki nyşnalara zarba urmak üçin ulanandygy barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda, irden ... rus goşunlary Dnipro şäherine (desgalara we möhüm infrastruktura) dürli görnüşli raketalar bilen hüjüm etdiler. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinden kontinentara ballistik raketasy atyldy" diýip, Harby- howa güýçleri telegramda eden beýanatynda aýtdy.

Kreml kontinentara ballistik raketasynyň ulanylandygy barada aýdylýanlara düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Rus hüjüminiň esasy nyşanasy Ukrainanyň iň möhüm senagat merkezi bolan Dnipropetrowsk we günorta-gündogar sebitiň paýtagty Dnipro şäheri boldy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri, kontinentara ballistik raketalaryndan başga, rus uçarlarynyň bu hüjümde gipersonik Kh-47M2 Kinžal raketasyny we ýedi sany subsonik Kh-101 ganatly raketasyny ulanandygyny aýtdy.

Ukrain howa goragçylary alty sany Kh-101 raketasyny urup gaçyrdy diýip, Harby-howa güýçleri aýtdy.

Dnipropetrowsk gubernatory Serhiý Lysak öz sebitiniň rus hüjüminiň esasy nyşanasy bolandygyny aýtdy.

"Agressor ir sagatlardan başlap, biziň sebitimize köpçülikleýin hüjüm etdi" diýip, gubernator Serhiý Lysak telegramda aýtdy we, deslapky maglumatlara salgylanyp, sebit paýtagty Dniproda bir senagat desgasyna zyýan ýetendigini, hüjüm netijesinde iki ýerde ýangyn dörändigini sözüne goşdy.

Poltawa sebitiniň merkezi Kremençukda hem partlamalaryň bolandygy habar berildi.

Adatça ulanýan pilotsyz uçar hüjümlerden tapawutlylykda, Moskwanyň bu hüjümde bir topar çylşyrymly raketa ulanmagy, Ukrainanyň günbatar tarapyndan berlen uzak aralyk raketa ulgamlaryny Russiýanyň has içine zarba urmak üçin alan rugsadyna we ol varaglary ulanmagyna berlen jogaba meňzeýär.

Rus harby blogçylarynyň we “Roýters” habar gullugynyň çeşmesiniň 20-nji noýabrda beren maglumatyna görä, Ukraina Russiýanyň Kursk sebitine Fransiýa bilen Britaniýanyň bilelikde öndüren “Storm Shadow” raketalarynyň 12 çemesini atdy. Bu sebitiň bir bölegi awgust aýyndan bäri, ukrain güýçleriniň duýdansyz hüjümi netijesinde, Ukraiananyň gözegçiliginde galýar.

Britan premýer-ministri Keir Starmeriň metbugat wekili bu raketalaryň ulanylyp-ulanylmandygyny tassyklamakdan saklandy. London öň 250 kilometr aralyga niýetlenen “Storm Shadow” raketalarynyň Ukrainanyň öz çäginde ulanylmaga rugsat beripdi.

Şu hepdäniň başynda, aýdylmagyna görä, Baýdeniň rugsat berendigi habar berlenden soň, Ukraina Russiýanyň Brýansk sebitindäki harby desga garşy edilen hüjümde ATACMS ulgamyny ulandy.

Ak tam bu ýaragyň ulanylmagyna razylyk berendigini resmi taýdan tassyklamady, Ukraina bolsa, Russiýadaky nyşanalara garşy ATACMS ulgamlarynyň ulanylandygyny gönümel boýun almady.

Moskwa Ukrainanyň Günbatardan alan uzak aralyk ýaraglaryny rus territoriýasyna hüjüm etmek üçin ulanmagynyň bu konfliktiň çynlakaý möwjemegine sebäp boljakdygyny öňden bäri duýduryp gelýär.

Moskwa 21-nji noýabrda, ABŞ-nyň Polşanyň Baltika kenaryndaky Redzikowo şäherinde açylan täze raketa goranyş bazasynyň ýadro howpunyň umumy derejesiniň ýokarlanmagyna getirjekdigini aýtdy. Bu baza 13-nji noýabrda, NATO-nyň has giň raketa galkanynyň bir bölegi hökmünde açyldy.