Öten agşam Russiýanyň çäginde 33 sany ukrain pilotsyz uçary uruldy diýip, Goranmak ministrligi habar berdi.
Woronež sebitinde 14 dron, Kurskda 11, Belgorodda 7, anneksiýa edilen Krymyň çäginde 1 pilotsyz uçar uruldy. Mundan başga, aýdylmagyna görä, Krym ýarym adasyna barýan sürüjisiz gämileriň iki sanysy Gara deňizde ýok edildi.
Woronež sebitiniň gubernatory Aleksandr Gusew pilotsyz uçarlaryň Woroneziň eteklerinde we sebitiň beýleki etraplarynda urlandygyny aýtdy. Pida bolan ýa-da çekilen zyýan bolmady.
Kursk we Belgorod sebitleriniň ýolbaşçylary hüjümiň netijeleri barada habar bermediler.
Krymda, Goranmak ministrliginiň habary peýda bolmazyndan öň, Kerç bogazyndan geçýän köpri ýapyldy. “Krym ýeli” telegram kanalynyň habaryna görä, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri deňiz dronlaryny ulanyp, bogazdan ýarym ada geçmäge synanyşýar.
Şeýle-de, Kerçdäki Zaliw gämi abatlaýyş kärhanasynyň töwereginde-de partlamalaryň bolandygy habar berildi.
“Krym.Realii” neşiri şaýatlara salgylanyp, şäherde 10-20 minut arakesme bilen üç partlamanyň sesiniň eşidilendigini ýazdy.