Russiýa dronlar bilen Kiýewi, Mykolaýiwi nyşana aldy

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Kiýewiň üstünde Russiýanyň atan dronlaryny urýarlar. (arhiw suraty)

17-nji oktýabrda Russiýa Ukraina 56 dron we bir ganatly raketa bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri habar berdi.

Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko paýtagta rus dronlary bilen hüjüm edilendigini aýtdy. Mykolaýiw şäheriniň häkimi Witaliý Kim bolsa, rus zarbalarynyň ýurduň günorta sebitiniň energiýa infrastrukturasyny nyşana alandygyny belledi.

Harbylaryň beýanatyna görä, Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary ýurduň dokuz regionynyň üstünde Russiýanyň 22 dronuny urup düşüripdir, şeýle-de 27 sany pilotsyz enjam elektroniki söweş serişdeleriniň üsti bilen zyýansyzlandyrylypdyr.

Bu aralykda, 17-nji oktýabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň regionlarynyň üstünde Ukrainanyň atan 13 dronunyň ýok edilendigini aýtdy.