Rus kazyýetleri şu ýylyň birinji ýarymynda 86 müňe golaý migranty ýurtdan çykarmak barada karar çykardy, bu 2022-nji ýylda ýurtdan çykarylan migrantlaryň sanyndan hem biraz köp bolýar diýip, “Wažnyýe istorii” näşiri habar berdi.
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 85,8 müň daşary ýurtly deportasiýa edildi, geçen ýyl - 129,7 müň, 2022-nji ýylda bolsa, 85,1 müň migrant ýurtdan çykaryld diýip, habarda aýdylýar.
Deportasiýa edilmegine girizilen moratoriýa diýilýän zat sebäpli, COVID-19 pandemiýasy ýyllarynda rus häkimiýetleriniň ýurtdan çykarýan migrantlarynyň sany üzül-kesil azaldy.
Şol bir wagtda, rus neşiriniň ýazmagyna görä, COVID-19 pandemiýasyndan öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, Russiýadaky migrantlaryň sany 2023-nji ýylda bir million adama çenli azaldy.
Türkmen hökümetiniň talaby bilen Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşyk ýatyrylanyndan soň, Russiýa işlemäge gidýän türkmen migrantlarynyň sanynyň köpelendigi, olaryň arasynda rus dilini bilmeýän ýaşlaryň-da kändigi aýdylýar. Emma Aşgabat ýurtdaky işsizlik, daşary ýurtlara gidýän zähmet migrantlarynyň sany, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary baradaky maglumatlary çap etmeýär.