Rus zarbalary alty adamy öldürdi, Ukraina ‘uzak aralyk’ talaplaryny güýçlendirýär

Ýangyn söndüriji 8-nji sentýabrda Sumy sebitine edilen rus zarbasynda agyr zyýan çeken ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýerinde halas ediş işlerini alyp barýar.

Rus hüjümleri öten agşam dürli sebitlerde ukrainaly birnäçe asuda raýaty heläkledi we şikesledi diýip, ukrain resmileri 8-nji sentýabrda aýtdy. Biraz öň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň öz çägine gönükdirilýän rus howa zarbalaryny öňünden togtatmak maksady bilen, ‘uzak aralyk çözgütleri’ boýunça tagallalary dowam etdirýändigini aýtdy.

8-nji sentýabrda giç agşam çap edilen wideoda Zelenski soňky bir hepdäniň dowamynda rus güýçleriniň “800-den gowrak tanka garşy raketalar, 300 çemesi ‘Şahed’ dronlary we 60-dan gowrak ballistik raketalar bilen” Ukrainany nyşana alandyklaryny aýtdy.

“Bu terror diňe bir ýol bilen – rus harby howa meýdançalaryna, olaryň harby bazalaryna, rus terrorynyň logistikalaryna zarba urmak arkaly – ynamly togtadylyp bilner” diýip, ol aýtdy.

Ukrainanyň howa güýçlerine görä, Russiýa 9-njy sentýabra geçilen gije Belgorod sebitinden dört sany gönükdirilen raketalar bilen, hem-de 23 sany Eýranda öndürilen “Şahed” dronlary bilen zarba urdy.