Rus uniwersitetinden kowlan türkmen studentlerine okuw tölegleri gaýtarylmady, wizalary ýatyryldy

Demirgazyk Kawkaz federal uniwersiteti

Demirgazyk Kawkaz federal uniwersiteti

Stawropoldaky Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetinden kowlan türkmen talyplaryna okuw tölegleri yzyna gaýtarylmady we olaryň rus wizalary ýatyryldy. Bu barada Turkmen.News neşiri habar berdi.

Mundan öň türkmenistanly studentleriň birnäçesiniň okan uniwersitetinden Ukraina bilen serhetde ýerleşýän we howpsuz bolmadyk Kursk we Belgorod sebitlerindäki uniwersitetlere geçmäge mejbur edilendigi barada "Kawkazskiý uzel" neşiri habar beripdi.

Maglumatda 7-nji martda Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetiniň binasyna birnäçe studentiň baryp, terjime etmek üçin zerur resminamalaryň berilmegini talap edendigi, soň bolsa polisiýa tarapyndan ýenjilip, tussag edilendigi habar berlipdi. Ertesi gün kazyýet ýedi okuwçyny 10 gün azatlykdan mahrum edipdir.

Talyplara beýleki uniwersitetler kabul etmäge razy bolsa-da, olara Kursk we Belgorod sebitlerinden başga sebitlerdäki uniwersitetlere geçmegiň gadagan edilendigi habar berlipdir. Geçirilmegine razy bolmadyklar galp sebäpler bilen uniwersitetden kowulup, olaryň dokumentleri elinden alynyp, olara ekzamen tabşyrmaga rugsat berilmändir.

Media serişdelerinde çykan habarlardan soň türkmen studentleriniň ýagdaýy Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň ünsüni çekipdir.

Emma "Kawkaz Segodnýa" neşiriniň habaryna görä, türkmen talyplary bilen duşuşmak üçin Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetine baran ilçi okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna türkmen halkyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildiripdir, ýöne duşuşygyň doly mazmuny çap edilmändir.