Russiýanyň sudy ABŞ žurnalisti Gerşkowiçi 16 ýyl tussaglyga höküm etdi

Ewan Gerşkowiç

Russiýanyň sudy “The Wall Street Journal” neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiçi içalyçylyk aýyplamalarynda günäli tapyp, ony 16 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Mundan öň, 19-njy iýulda geçirilen kazyýet diňlenişiginde prokurorlar Gerşkowiçe 18 ýyl türme möhletiniň berilmegini soradylar.

ABŞ hökümeti we Gerşkowiçiň iş berijisi oňa bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdiler.

Kazyýet işi 26-njy iýunda başlandy we ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.

Gerşkowiç 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Ýekaterinburgda, iş sapary wagtynda tussag edildi we soňra Merkezi aňtaw gullugyna geçirmek üçin harby syrlary ele salmakda aýyplandy.

Ol Sowuk uruş döwründen bäri Russiýada içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen ilkinji ABŞ žurnalisti boldy.