Belli rus oppozisiýa aktiwisti Witaliý Ioffe 17-nji sentýabrda demirgazyk-günbatar Sankt-Peterburg şäherinde öldürildi diýip, onuň bir garyndaşy 17-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Rus metbugaty hem, Ioffeniň gyzyna we beýleki çeşmelere salgylanyp, onuň öldürilendigini habar berdi. Kremle ýakyn “Maş” telegram kanaly, Sankt-Peterburgyň 20 ýaşly ýaşaýjysynyň golaýdaky Wyborg şäheriniň polisiýasyna ýüz tutup, ony öldürendigini boýun alandan soň tussag edilendigini habar berdi.
Resmiler bu işiň mümkin bolan sebäbi barada hiç bir düşündiriş bermediler. Ioffe Russiýanyň hökümeti barada aýdýan tankydy pikirleri bilen tanalýardy. Ol Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşuny aç-açan ýazgaran aktiwistleriň biri boldy.