Rumyniýanyň prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlandy

Ýelena Laskoni, Kalin Jorjesku

Ruslaryň goşulyşmagy baradaky aýyplamalar sebäpli, daşary ýurtlardaky ses berişlik Rumyniýanyň NATO we ÝB agzasy hökmündäki geljekki ugur-ýoluny kesgitleýän referendum hökmünde başlandy, müňlerçe rumyniýaly köçelere çykyp, ýurduň Ýewro-Atlantik jemgyýetindäki ornuna goldaw bildirdi.

Russiýa dost, aşa sagçy kandidat Kalin Jorjeskunyň birinji tapgyrda gazanan ýeňşi, onuň peýdasyna Moskwa tarapyndan TikTok-da gurnalan uly kiber kampaniýasy baradaky subutnamalaryň arasynda, Günbatara sarsgyn tolkunlaryny iberdi. Ýöne bu kampaniýa rumyn häkimiýetleriniň radaryndan çetde galdy.

Jorjesku 8-nji dekabrda geçiriljek ses berişlikde Ýewropa tarapdar kandidat Ýelena Laskoni bilen bäsleşer.

Ýöne häkimiýetler daşary ýurtlardaky rumyn diplomatik wekilhanalarynda geçirilen öňki saýlawlarda dörän uzyn nobatlary nazara alyp, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň öňünde keserýän saýlaw kynçylyklaryny azaltmak üçin, ses berişligi 2 ýarym gün öňünden başlamak kararyna geldi.

Jorjesku ses berişligiň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanjak arzyly kandidat ýaly bolup göründi, ýöne Rumyniýanyň Milli Goranmak Geňeşiniň 4-nji dekabrda ýaşyrynlykdan çykaran resminamalary ýurduň "agressiw gibrid rus hereketiniň" nyşanasy bolandygyny aýan etdi we soňky pikir soramalary Laskoniniň öňe saýlanýandygyny görkezdi.