Dini sebäplere görä watanynda yzarlanýan türkmen bosguny Aşyrbaý Bekiýew 30-njy awgustda agşam Moskwadan Aşgabada deportasiýa edildi. Bu barada adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" habar berdi. Bekiýew tas sekiz ýyllap Russiýanyň häkimiýetleriniň deportasiýa etmek kararyna garşy durmaga synanyşdy. Adam hukuklaryny goraýjylar Bekiýewiň Türkmenistandaky ykbalyna barada çynlakaý alada bildirýärler.
THF-nyň habaryna görä, Aşyrbaý Bekiýew çarşenbe güni agşam sagat 11 töweregi dostuna jaň edip, ýurtdan çykarylýandygyny aýdypdyr. Onuň aklawçysy Içeri işler ministrliginiň esasy migrasiýa bölümi bilen habarlaşyp, bu maglumatlary tassyklapdyr. Adam hukuklary boýunça regional komissary "hiç hili kömek edip bilmejekdigini" aýdypdyr, nobatçy prokurora telefon arkaly çykyp bolmandyr.
"15:30-da Aşyrbaý habarlaşdy, Moskwa äkidilendigini we 9-njy sentýabrda Aşgabat şäherine iberiljekdigini aýtdy. Emma bu maglumat nädogry bolup çykdy. Sagat 21:00 töweregi ol kabinadan gysga wideony ogluna iberdi, şondan soň onuň bilen aragatnaşyk kesildi" diýip, THF habar berýär we Domodedowo howa menziliniň maglumatyna görä, 21: 25-de Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň uçarynyň Moskwadan Aşgabada uçandygyny belledi.
Aşyrbaý Bekiýewiň wideosy Telegram ulgamynda hem peýda boldy.
Bekiýew şu ýylyň baharynda tussag edilipdi we şondan soň Sankt-Peterburgyň Krasnoýe Selodaky deportasiýa merkezinde saklandy.
Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkeziniň habaryna görä, Aşyrbaý Bekiýew 2009-njy ýylda Türkmenistandan çykypdy, şondan bäri maşgalasy we bäş çagasy bilen Sankt-Peterburgda ýaşady.
Türkmen häkimiýetleri birnäçe ýyl bäri Aşyrbaýyň we onuň dogany Täçmyrat Bekiýewiň ekstradisiýa edilmegini gazanmaga çalyşdy.
Ýurduň häkimiýetleri olary "etnik we dini ýigrenji öjükdirmekde" aýypladylar. Adam hukuklaryny goraýjylar bu aýyplamalaryň esassyzdygyna we häkimiýetleriň bu migrantlary başgaça pikiri üçin yzarlaýandygyna ynanýarlar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Bekiýewleriň yzarlanmagy 2016-njy ýylda başlandy, 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça derňew bölümi 177-nji maddanyň 1-nji bölümi boýunça oňa garşy jenaýat işini açdy. Jenaýat kodeksine görä, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasyny göz öňünde tutuýan aýyplamalar “sosial, etnik ýa-da dini ýigrenji öjükdirmek” bilen bagly. Şuňa meňzeş aýyplama onuň Sankt-Peterburgda ýaşaýan dogany Täçmyrata hem garşy öňe sürüldi.
“Memorialyň" habar berşi ýaly, 2016-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşyrbaý Bekiýew tussag edilip, Sankt-Peterburgdaky SIZO-4 deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi. Bekiýewiň aklawçysynyň Russiýanyň Ýokary sudunda geçirilen çekeleşikde öňe süren pikirlerine görä, aýyplamalar üçin düýpli deliller bolmandyr, aýyplama çaklamalara we myş-myşlara esaslanypdyr. Şeýle-de bolsa, 2016-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Russiýanyň Baş prokurorynyň orunbasary Saak Karapetýan GDA ýurtlarynyň 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çeken Minsk konwensiýasynda göz öňünde tutulan düzgünleriň çäginde Bekiýewi ekstradisiýa etmek kararyny öňe sürüpdir.
Degişli maglumat Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Orsýetden türkmen raýatyny ekstradisiýa etmezligi sorady2017-nji ýylda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy Bekiýewiň Türkmenistana berilmeginiň togtamagyny gazanypdy.
Ýewropa sudy (ECHR) Russiýanyň häkimiýetlerine hat ýollap, Türkmenistanyň raýaty Aşyrbaý Bekiýew babatynda suduň 39-njy kadasynyň ulanylandygyny habar beripdi. Bu madda ekstradisiýa işiniň togtadylmagyny talap edýär. Bu barada Fergana.ru agentligi habar beripdi.
2017-nji ýylyň maý aýynda Aşyrbaý Bekiýew boşadylypdy we onuň mejbury watanyna dolanmak işi togtapdy. Emma THF-nyň habaryna görä, ol pasportynyň möhleti gutaranlygy sebäpli Russiýadan çykyp bilmändir we bu onuň immigrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplanmagy üçin esas bolupdyr. 2023-nji ýylyň martynda polisiýa oňa 5 ýyl Russiýa girmegi gadagan etmek barada karar çykardy, emma karardan şikaýat edildi ddiýip THF ýazýar.
Adam hukuklaryny goraýjy gurama gaçybatalga soramak tertibi tamamlanmanka, gaçybatalga gözleýän adamyň deportasiýa edilmeginiň halkara we milli kanunlara gödek ters gelýändigini belleýär.
Aşyrbaýyň dogany Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgda tussaglykda saklanýar. Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasy onuň Türkmenistana ekstradisiýa edilmek meselesine seredýär diýip, adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanýan türkmenistanylaryň daşary ýurtlardan deportasiýa edilmegi bilen bagly ýagdaýlar soňky ýyllarda peýda bolup başlady.
2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýada ýaşaýan türkmen oppozisiýa aktiwisti 37 ýaşly Azat Isakow ýitim boldy. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar onuň Türkmenistana bikanun ýagdaýda zor bilen äkidilendigini habar berdiler. Russiýanyň Içeri işler ministrligi Isakowyň nirededigini aýan etmek baradaky ýüzlenmä beren jogabynda onuň 22-nji oktýabrda Moskwanyň Domodedowo aeroportundan Türkmenabada uçandygyny tassyklady, emma onuň “meýletin” gidendigini habar berdi. Bu ýagdaý adaty uçar gatnawynyň bolmadyk wagtyna gabat geldi.
Şu ýylyň maý aýynda türkmen blogçy Farhat Meýmankuliýew Stambulda tussag edilensoň ýitirim boldy. Adam hukuklaryny goraýjylar onuň Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy astyndadygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.