Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar

Hazar deňzinde bir nebit desgasy

Ankara türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen Türkiýä daşalmagy boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny aýdýar. Energetika hünärmenleri bu ylalaşyga Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda oňyn ädim hökmünde baha berýärler.

Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarow 14-nji maýda Stambulda duşuşyp, iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdiler.

“...täze mesele, möhüm mesele, bu şertnamanyň netijesinde Türkmenistandan Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen, Türkiýä tebigy gaz daşamak barada ylalaşyk gazandyk” diýip, iňlis dilli “Daily Sabah” türk neşiri ýurduň energetika ministrini sitirleýär.

Stambul ylalaşygy Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda bar bolan gaz geçiriji ulgamlarynyň, Günorta Kawkaz tebigy gaz geçirijisiniň hem-de Trans Anadoly gaz geçiriji taslamasynyň (TANAP) kuwwatynyň giňeldilmegini hem öz içine alýar.

Türkmenistan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa Bileleşigine tebigy gaz ibermäge isleg bildirip gelýär.

Degişli maglumat Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça eksperti Jon Roberts 17-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda bar bolan gaz geçiriji ulgamlarynyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy bilen bagly ylalaşyklaryň Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda oňyn habar bolandygyny aýtdy.

“Bu ýerde möhüm mesele, Azerbaýjan we Türkiýe, görnetin, Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda kuwwatyny ýokarlandyrmak barada ozal ylalaşyk gazanylan Günorta gaz koridory arkaly azeri gazy bilen bir hatarda türkmen gazynyň hem iberilmegini goldaýarlar. Bu örän pozitiw habar” diýip, Roberts aýtdy.

Azerbaýjan Günorta gaz koridory arkaly Ýewropa ýurtlaryna iberýän tebigy gazyny 2027-nji ýyla çenli 20 milliard kub metre çenli çykarmagy meýilleşdirýär. Bileleşik 2022-nji ýylyň ahyrynda Günorta gaz koridorynyň Azerbaýjanyň tebigy gazyna degişli böleginiň ýyllyk kuwwatynyň iki esse ýokarlandyryljakdygyny yglan etdi.

Günorta Kawkaz tebigy gaz geçirijisi, Trans Anadoly gaz geçiriji taslamasy (TANAP) we Trans Adriatik tebigy gaz geçirijisi (TAP) Günorta gaz koridorynyň Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky bölegini emele getirýär.

Uzynlygy 692 km bolan Günorta Kawkaz tebigy gaz geçirijisi Bakuwdan Gürjüstanyň Tbilisi şäherine, ondan aňry Türkiýäniň Erzurum şäherine çenli uzap gidýär. Muňa Baku-Tblisi-Erzurum tebigy gaz geçirijisi hem diýilýär.

Günorta gaz koridorynyň beýleki bir bölegi bolan TANAP, ýagny Trans Anadoly gaz geçiriji taslamasy Azerbaýjandan gözbaş alyp, Türkiýäni keseligine kesip geçýär we Gresiýa serhedinde TAP, ýagny Transadriatik gaz geçirijisi bilen sepleşýär. Bu ulgamlar arkaly häzirki wagtda azeri tebigy gazy Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşigine iberilýär. Türkmenistan hem öz tebigy gazyny Azerbaýjanyň, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýändigini aýdyp gelýär.

Degişli maglumat ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi

Türk we azeri ministrleri Stambuldaky duşuşykda Günorta Kawkaz hem-de TANAP gaz geçirijileriniň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny mälim etdiler. Bu bolsa, ekspertiň tassyklamagyna görä, geçiriji ulgamlarda türkmen gazyna ýer açýar.

Hazarüsti taslamasy durmuşa geçirilen halatynda Türkmenistan hem Ýewropa Bileleşiginiň Günorta gaz koridoryna goşular.

Türk ministri kuwwaty giňeldilen ulgamlar arkaly Azerbaýjanyň hem-de Hazar sebitiniň goşmaça tebigy gaz serişdeleriniň 2030-njy ýyla çenli iberilip başlanylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Jon Robertse görä, Türkmenistan öz gazyny iki ýol arkaly Azerbaýjana, Türkiýä ondan aňry Ýewropa iberip biler. Ýöne şolardan diňe biri ähli taraplar üçin amatly bolup görünýär.

“Owaly bilen, gaz Azerbaýjana nädip barmaly? Munuň iki ýoly bar. Bir ýol – Eýran bilen swap ylalaşygy. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Türkmenistan we Eýran arada [wagtlaýyn togtadylan] swap ylalaşygy bar, ýöne bu ylalaşyk arkaly ýylda 1,5-2 milliard kub metre çenli gaz iberip bolýar, köp däl. Gaz ahyr soňunda Ýewropa barmaly, türkmenler hem käbir möçberlerde gazyň Ýewropa iberilmegini isleýär. Ýöne Ýewropa Bileleşigi Eýrana garaşly galjak hiç bir ylalaşykdan hoşal bolmaz. Şonuň üçin, bu ugurda ýeke-täk çykalga galýar – Hazarüsti gaz geçirijisi” diýip, britaniýaly bilermen aýtdy.

Türkmenistan bilen Türkiýe soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary ýygjamlaşdyrdy.

Mart aýynda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek memorandumyna, ähtnamasyna gol çekildi.

Ankara soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň iýul aýynda Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny satyn almagyň ugurlaryna seredilýändigini mälim etdi. Şondan bäri, iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler ýygjamlaşdy.

Degişli maglumat Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary 2023-nji ýylyň dekabrynda Eýranyň üsti bilen hem swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiliklerine seredilýändigini mälim etdi.

“Daily Sabah” türk neşirine görä, Türkmenistanyň wekiliýeti 25-26-njy aprelde Ankarada bolup, türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny, şol sanda energetika hyzmatdaşlygyny maslahat etdi.

Ýewropa Komissiýasy Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny energetika howpsuzlygy babatynda “umumy bähbitli taslama” hökmünde kesgitleýär.

Türkmen wekiliýetiniň mart aýynda ýewropa paýtagtlaryna amala aşyran saparlarynda hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary, şol sanda energetika hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öňki ýyllarda uly möçberlerde rus tebigy gazyny satyn alan Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz çozuşa girişmegi bilen, energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edip başlady.

Reuters habarlar agentligine görä, Russiýa 2022-nji ýylda dürli ugurlar bilen Ýewropa 63,8 millard kub metr gaz iberdi. Bu görkeziji 2023-nji ýylda 55,6% peselip, 28,3 milliard kub metre çenli aşaklady.

Bu aralykda, esasy müşderisinden arany açýan Russiýa soňky wagtlarda Hytaý ugry boýunça tebigy gaz eksportlaryny artdyrmagyň üstünde işleýär. Russiýa Hytaý bilen aradaky Sibiriň güýji gaz geçiri ulgamyndan daşgary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen hem Hytaýa gaz ibermäge çalyşýar.

Russiýanyň “TASS” habarlar agentligine görä, Gazagystanyň Moskwadaky ilçisi Döwran Abaýew 4-nji maýda ýylda 35 milliard kub metr möçberinde rus gazynyň Gazagystanyň çäginden Hytaýa üstaşyr iberilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň tebigy gaz serişdelerini Hytaýa ibermäge niýetlenen Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň ep-esli bölegi Türkmenistanyň gazyna niýetlenendir.

Has ozal, rus resmileri Russiýa, Gazagystan we Özbegistan arada, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar bilen, “Gaz bileleşigini” esaslandyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp çykyş etdiler. Türkmen tarapy şonda bu teklipler boýunça aýdyňlyk talap edip, reaksiýa bildiripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.