Režimiň ýykylmazynyň öň ýany: Amerikaly suratçy Rumyniýada kommunist döwrüniň soňky aýlaryny surata düşürdi

Amerikaly Deýwid Hadaller 1980-nji ýyllarda, kommunist Rumyniýada gizlin düşüren suratlaryny Facebook sahypasynda ýerleşdirýär. Bu suratlardan ol öz geçen günlerini tapýar. Häzir pensiýa çykan akademigiň sahypasyny ünsli yzarlaýan müňlerçe abunaçy bar, olar şol dartgynly döwürde düşürilen beýleki suratlara-da garaşýarlar.

1988-nji ýylda Rumyniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Iasi şäherindäki uniwersitetiň sowuk auditoriýasynda, galyň eşikde, eli hem ellikli halda, amerikan edebiýaty boýunça professory Deýwid Hadaller leksiýa berýärdi. Sapagyň temasy Genri Toronyň döredijiligi, ýagny XIX asyryň awtorynyň amerikalylary "sadalaşmaga, sadalaşmaga, sadalaşmaga" çagyryşy baradady.

1980-nji ýyllardaky rumynlaryň köplüginde bolşy ýaly, Hadalleriň talyplary hem kyn günleri başdan geçirýärdiler. Jemgyýet agyr derejä getirilipdi.

«Rumynlar çörek satyn almak üçin, nobata düzülmeli bolýardylar. Men bolsa Toronyň: «Öz durmuşyňyzy sadalaşdyryň» diýen sözlerini gaýtalaýardym – diýip, häzir ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda ýaşaýan Hadaller Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şol günleri ýatlaýar. – Men leksiýanyň temasyndan çykyp, “Geliň, ‘sadalaşmak’ sözüniň siz üçin nämäni aňladýandygy hakda gürrüň edeliň, sebäbi men biderek zatlary kän görýän” diýýärdim».

Deýwid Hadaller 1987-nji ýylda

Hadaller 1987-nji ýylyň oktýabrynda, Fulbraýt programmasy esasynda, amerikan edebiýaty we iňlis dilinden sapak bermek üçin, Rumyniýa gelip, şondan 1989-njy ýylyň maý aýyna çenli bu ýurtda galypdyr. Rumyn rewolýusiýasy we kommunist diktator Nikolaý Çauşeskiniň ýykylmagyna birnäçe aý galanda, Rumyniýadan gaýdypdyr.

33 ýaşly amerikanly Rumyniýada hökmürowan sosializmiň soňky aýlarynyň şaýady bolan az sanly Günbatar wekillerinden biridir. Hyjuwly fotosuratçy hökmünde, ol durmuşy reňkli surata düşürip bilipdir.

1988-nji ýylyň ýanwar aýynda, Iasiniň köçesi

Hadaller "Meniň Rumyniýadaky Fulbraýt ýyllarym" ady bilen düşüren suratlaryny Facebook sahypasynda goýýar. Onuň 10 müňden gowrak abunaçysy bar, olaryň köpüsi Rumyniýadan. Düşündiriş ýazanlarynda, olar amerikanly suratçydan ylhamlanan ýatlamalary barada gürrüň edýärler.

Buharestde şahyr Ion Eliade-Redulesku goýlan ýadygärlik, 1988-nji ýylyň ýanwary.

Hadalleriň aýtmagyna görä, ol esasan Iasi şäherinde we paýtagt Buharestde düşüren suratlaryny internetde goýýar. Suratlar rumynlara käbir ýagdaýlar sebäpli, onuň dokumentleşdiren zatlarynyň gözgyny ýagdaýy bilen täsir galdyrýar. «Men, hakykatda diňe öz gündelik durmuşymyň suratyny aldym, Rumyniýada hiç kim bu zatlar üçin, reňkli plýonkalary zaýalamaz. Ol ýurtda hatda gara-ak reňkli plýonkalary tapmagam görgüçilikdi» diýip, ol düşündirýär.

Iasi şäherinde radio kassetalary satylýan we sagat bejerýän dükanyň reklamasy

Bu surat Facebook’da 18-nji ýanwarda ýerleşdirildi we eýýäm birnäçe müň seslenme aldy. Rumyniýadan bir aýal dükanyň penjiresiniň täzeden özgerdilendigini ýazýar. «Çagalyk wagtymyzda, biziň [kasseta aýtdyrýanymyz] bardy. Biz ondan Grimm doganlaryň ertekilerini diňlärdik. Erteki gutaranda, [kassetany] yzyna saraýardyk... Bu uka irkilýän çaga üçin şeýle kyndy» diýip, ol aýal ýazypdyr.

Buharestiň köp adamly çatrygy

1988-nji ýylyň ýanwarynda düşürilen bu suratyň aşagynda, şeýle düşündiriş bar: "Ol gyzyl eskalator ýadyma düşýär, uzak wagtlap hereketsiz duransoň, çarhlary hapadan doludy. Aslynda ol doňan basgançakdy».

Rumyn rewolýusiýasyndan soň, oňa şeýle düşündiriş ýazyldy: "Onuň ýaňadan işläp başlanyny görmek gaty geň boldy, hamana ýowuz jadygöýlük bozulana döndi".

Başga bir rumyn oňa jogap berip: eskalatoryň "şu wagt hereketsizdigini, azyndan iki ýyldan bäri işlemeýändigini" ýazypdyr.

"Intercontinental" myhmanhanasyndan Buharestdäki Parlamentiň tamamlanmadyk köşgüniň görnüşi, 1988-nji ýylyň fewraly.

Rumyniýany Çauşeskiniň dolandyrýan döwründe, Hadalleriň durmuşy belli derejede amatly bolupdyr. Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsinden tapawutlylykda, onuň "dollar dükanlaryna" mümkinçiligi bolansoň, daşary ýurt puluna kolbasa önümlerini, şerap hem güýçli içgileri satyn alyp bilipdir. Şeýle-de bolsa, şol döwrüň berk döwlet barlagyndan hem gözegçilik yzarlamalardan gutulyp bilmändir we hatda iň zyýansyz şahsy aragatnaşyklara-da ýol berilmändir.

Buharestdäki dükanlar, şol sanda kitap dükany (sagda) we Loto-Prono, ol ýerde rumynlar lotoreýa satyn alyp, şeýle hem rumyn ýa-da italýan futbol ýaryşlaryna pul goýup bilýän eken.

Hadaller Iasi şäherindäki kwartirasynda, birnäçe oturlyşyk geçirdiler. Bu barada uniwersitetiň rektoryna: "Eý, Hudaý, studentler Hadalleriň kwartirasynda bolupdyrlar, ol bolsa olara şerap hödür edipdir!" diýip habar berlipdir. Ol basym gizlin syýasy polisiýanyň ulgamy bolan Securitate studentleri eşiden ähli zadyny häkimiýetlere habar bermäge mejbur edendir diýen netijä gelipdir.

Iasi gonamçylygynda merhumy jaýlamaga barýanlar. 1988-nji ýylyň ýanwary

Rumyniýanyň köçelerinde surat almak howpsuz bolmandyr. Ýapyk ýurtdaky Hadalleriň bu güýmenjesi pişik-syçan oýnuna meňzäpdir. Ol Pentax K1000 aýnaly kamerany ulanyp, surat alansoň, ony penjeginiň içinde ýaşyrypdyr hem jübüde göterer ýaly, Vivitar kysymly örän kiçi kamerany ulanypdyr. «Men berk gizlenýärdim. Netijede, alan suratlarymyň 30%-i zaýa boldy» diýip, surata düşürýän gezelençleri barada gürrüň berýär.

Iasi bazarynda duran adam, 1988-nji ýylyň ýanwary

Ýaş amerikaly üçin surat almak köplenç örän töwekgelli bolupdyr: «Men nirä ugrasam, aýratyn-da wokzallarda ýa-da awtobus duralgalarynda, kameranyň şekiliniň üsti kese çyzykly, ‘interzis’ diýen ýazgyly duýduryş bardy, ol bolsa rumyn dilinde, “gadagan” diýen manyny aňladýar.

Buharestdäki çatryk, 1988-nji ýylyň ýanwary

Surat alýandygyny gören bolsalar, Hadallere nähili jezanyň garaşjakdygy belli däl. Emma ol şeýle belleýär: “Men öz kameramyň elimden alynmagyny islemeýärdim. Köçedäki polisiýanyň näme etjekdigini kim bilýär, bu barada mende düşünje ýokdy”.

Iasi gonamçylygynda duran zenan, 1988-nji ýylyň ýanwary

Hadaller düşüren surat plýonkalaryny gümrük gulluklary tarapyndan açmaga rugsat berilmeýän diplomatiki poçta arkaly Rumyniýadan çykarmagy başarypdyr. Ol 1989-njy ýylyň maýynda, ýurtdan çykýar. Şol ýylyň dekabrynda rewolýusiýa başlananda, ABŞ-da Rumyniýada bolup geçýän wakalara syn edýärler.

Esger 1990-njy ýylyň martynda, Buharestde çaganyň ýanynda dur. 1989-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň, bary-ýogy üç aý geçipdi.

Ol rewolýusiýadan soň, 1990-njy ýylyň martynda, Rumyniýa dolanyp bilipdir we ýurdy sarsdyrmagyny dowam etdirýän käbir syýasy özgerişleriň şaýady bolýar. Şol aýda hem uniwersitetde işläp ýörkä tanşan rumyn gyzyna öýlenipdir.

Hadaller ahyrsoňy Securitate gullugynyň arhiwine girip, özüne degişli bukjany açmak mümkin bolanda, Rumyniýany gizlin surata düşürip ýörkä, gizlin agentler onuň surat alýan kamerasyny we geljekki gelinligini gizlin surata düşürendigini bildi.