Respublikanlar Trampy ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär hödürledi

Donald Tramp we Senator Jeýms Wans (sagda)

Respublikan partiýasynyň milli konwensiýasy Miluokide ( Wiskonsin ştaty) duşenbe güni Donald Trampy ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär hökmünde öňe sürdi.

Şol gün Ohaýo ştatynyň senatory Jeýms Wans Tramp tarapyndan öňümizdäki güýz saýlawlarynda wise-prezidentlige dalaşgär hökmünde saýlandy.

"Wise-prezident hökmünde Jeýms Wans Baş kanunymyz üçin göreşmegi dowam etdirer, goşunlarymyzyň ýagdaýyna jogapkär bolar we Amerikanyň täzeden beýik bolmagyna kömek etmek üçin elinde baryny eder" - diýip, Tramp Truth Social platform sosial mediasynda ýazdy.

"Roýter" habar gullugy, Donald Trampyň janyna kast etmäge synanyşyk bilen baglanyşykly, prezidentlige kandidatyň indi ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär hödürlenmegini kabul ediş çykyşyna üýtgetme girizýändigini belleýär. Dalaşgärlige degişli mesele respublikanlaryň Wiskonsin ştatynyň Miluokide geçirilýän dört günlük milli konwensiýasynda garalýar. Trampyň Respublikan partiýasynyň nominasiýasyny resmi taýdan penşenbe güni kabul etmegine garaşylýar.

"Roýter" habar gullugynyň habaryna görä, Tramp öz çykyşyna üýtgetme girizip, ozal prezident Jo Baýden bilen arasyndaky tapawutlara beren bahasyna derek, milli jebislige ünsi artdyrýar.