Pyragynyň şygyr dünýäsini aňlamaklyk: ‘Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma!’

Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi

Nobatdaky programmamyz Magtymguly Pyragynyň käbir goşgularyna edebiýatçynyň nazary bilen aň etmäge çalyşýar.

Dünýä Türkmenleriniň geçen sanynda görnükli akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň öňümizdäki ýylda bellenilýän 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda, onuň eserleriniň türkmenleriň ruhy dünýäsindäki orny barada gürrüň etdik.

Bu gepleşigimizde Pyragynyň “Döker bolduk ýaşymyz”, “Söýmüşem seni”, “Uýat eýleýir”, “Bady sabany görsem”, “Döwletalynyň” we “Turgul diýdiler” atly goşgularyna edebiýatçynyň nazary bilen syn edýäris.

Pragada ýaşaýan türkmen edebiýatçysy we ýazyjy Hudaýberdi Hally Magtymguly Pyragynyň adyna soňundan dakylan goşgularyň töweregindäki jedeller, şeýle-de ýokarda agzalan goşgularyň many-mazmuny barada Dünýä Türkmenlerine interwýu berdi.

Görnünkli türkmen akyldary Magtymguly Pyragy 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, häzirki Eýranyň çäginde ýerleşýän gündogar Kümmethowuzyň Hajygowşan obasynda Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä indi. Arap, pars we gadymy türk dillerine erk etmegi başaran dana şahyr Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim aldy. 65 ýyllyk ömrüne ýüzlerçe eser sygdyran şahyryň edebi mirasy türkmenleriň arasynda çeperçiligiň elýetmez nusgasy hasaplanýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Pyragynyň şygyr dünýäsini aňlamaklyk: "Sözüm aňlan ýok diýp ümsüm oturma!"