PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Mary welaýatynyň oba we etrap ýerlerinde ýagyşdan soň palçyga bulaşan ýollarda hapalanan awtoulaglara jerime ýazýarlar. Ýerli sürüjiler sebitde sähel ýagyş ýagsa batga bulaşýan ýollary bahanalap, ýol polisiýanyň özlerinden para alýandygyny aýdýarlar.

“Welaýatda agşam ýagyş ýagdy, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ir bilen sagat 8:00-den başlap, hapa ulaglara garşy reýd geçirip başlady” diýip, günorta-gündogar welaýatyň etraplarynyň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli sürüjiler aýdýar.

Degişli maglumat Lebaply ýaşaýjylar: PÝGG işgärleri ‘talaňçylyk’ bilen meşgullanýar

“Entek sagat 8:00, awto ýuwalgalar açylanok, asfaltlanmadyk ýollar ýagyşda palçyk bolýar, muňa garamazdan, ýol polisiýasy palçygy bahanalap, 20 manat para soraýar, 20 manat bermeseň 40 manat jerime ýazýarlar” diýip, sürüjiler aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar Marynyň şäher ýerlerinden başga ilatly nokatlarynda ýollaryň asfaltlanmandygyny, islendik etrabyň ýa-da geňeşligiň köçeleriniň ýagyşdan soňra palçyga bulaşýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitde ýagyş ýagsa palçyga bulaşýan ýollar, ýaramaz infrastrukturalar barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň ýollaryň bejerilmegini talap edýän çagyryşlary häkimiýetlerden jogap tapmaýar. Muňa garamazdan, häkimiýetler palçyga bulaşýan ýollarda hapalanýan awtoulaglara dessine jerime ýazýarlar, ýa-da sürüjilerden para soraýarlar.

“Köçelerde, meniňki ýaly, ýagyşdan soňra hapalanan ulaglar gaty kän. Diňe men däl, beýleki sürüjiler hem polsiýa işgärlerine geplerini düşündirmäge çalyşdylar, emma gep düşündirip bolmady. Biz onsuz hem gumda, palçyk ýerlerde ýaşaýarys. Mary welaýatynda oba we etrap ýerlerinde köçeler asfaltlanmadyk” diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gum şertlerinde we palçyk ýollarda awto ýuwalgalaryň hyzmatlaryndan peýdalanýan sürüjiler hem bar.

“Meniň ýanymda entegem 20 manat pul bardy, ýöne ýanynda 5 manat pul bolmadyk sürüjiler hem bar. Olara gaty agyr degdi, jerime ýazyldy. Ýogsa jerime ýazan polisiýa işgäriniň ýol kenarynda duran öz ulagy hem hapady” diýip, ýerli sürüji aýdýar.

Polisiýa işgärleri, sürüjilere görä, jerime ýazmak boýunça özlerine ýörite tabşyryklaryň berlendigini aýdýarlar.

“Häzir günortana çenli biziň her birimiz hapa ulaglara jerime ýazyp, üstümize ýüklenen plan borçnamasyny ýerine ýetirmeli” diýip, sürüjiler polisiýa işgäriniň özlerine aýdan sözlerini getirýärler.

Türkmenistanda ýol polisiýasy sürüjilerden dürli bahanalara esaslanyp, para almakda tanalýar. Awtoulaglaryň arassa bolmagy, olaryň döwlet belgileriniň aýdyň görünmegi hem para alynmagyna bahana, ýa-da jerime ýazylmagyna esas bolup bilýär.

Degişli maglumat Awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik güýçlendi

Bulardan başga-da, ýurtda awtoulaglar boýunça berk düzgünler we çäklendirmeler öz güýjünde galýar.

Türkmen häkimiýetleri dilden görkezme esasynda awtoulaglaryň reňkiniň ak bolmagyny talap edýärler, gara we goýy reňkli ulaglar polisiýa tarapyndan nyşana alnyp bilinýär. Häkimiýetler bu talaplaryny ýurduň yssy howasy bilen bagly öňüni alyş çäreleri hökmünde düşündirmäge çalyşýarlar.

Geçen ýylyň aprel aýynda häkimiýetler awtoulaglardaky döwlet belgisi dakylýan çarçuwanyň hem gara reňkde bolmagyny gadagan etdiler. Şol bir wagtda, ulaglardaky radiator gözenekleri hem ak reňke boýalmaly edildi.

Palçyk ýollarda ak reňkli ulaglaryň hapasy has hem göze dürtülip bilýär.

Ýurduň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Marynyň ýol gözegçilik polisiýasy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan awtoulaglary awlap, sürüjilerden para almakda, käbir gözçykgynç tabşyryklary berjaý etmekde tanalýar.

Tomus paslynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitde radio antennalary uzaldylan awtoulaglaryň eýelerine Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan yrasaralyp başlanandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Mary welaýatynyň ýol polisiýasyndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.