Russiýada bloger Nastýa Iwleýewanyň guran "tas ýalaňaç agşamlyk" çäresine gatnaşan onlarça belli ýyldyza garşy gurnalan kampaniýa dowam edýär. Ukrainada uruş barýan wagtynda, bu wakany ýerliksiz hasaplan "Z-patriotlaryň" basyşy astynda, ol agşama gatnaşyjylar; Kseniýa Sobçakdan başlap, Filipp Kirkorowa çenli, jeza çäresinden gaçyp, köpçüligiň öňünde ötünç sorap, ýazgy galdyrýarlar. Olaryň geçirjek göwün açyjy çäreleri ýatyrylýar, atlary bildirişlerden öçürilýär, gazanan girdejileri salgyt gullugy tarapyndan barlanýar.
“Siz ol ýerde näme guradyňyz?” diýip, Kremliň metbugat müdiri Kirkorowdan sorady. Şeýle soragy Wladimir Putine-de berip bolardy. Ol dogry 24 ýyl mundan ozal Sankt-Peterburgda geçirilen striptiz agşamyna gatnaşypdy. Şondan alty günden soň, ol prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji bellendi. Şol döwürde hem Russiýa häzirkisi ýaly, ikinji çeçen urşuna gatnaşýardy.
"Belent mertebeli myhman"
1999-njy ýylyň 25-nji dekabrynda, takmynan 19.00-da, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Sankt-Peterburgyň gijeki “Luna” klubynyň töweregini bagladylar we Wladimir Putiniň gelmegine garaşylýandygyny aýtdylar. "Binanyň ähli jaýlaryny, girelgeleri we çykalgalary gorag astyna aldylar, Woznesenskiý köçesinde gatnawy çäklendirdiler. Aşhanada garawul goýuldy, naharyň, ýumşak we spirtli içgileriň hil barlanyp görüldi" diýip, “Nezawisimaýa gazeta” ýazdy. Neşir "Luna" klubyny "Demirgazyk Wenesiýanyň saýlama göwün açyjy we erotik klublarynyň biri" atlandyryp, onuň artykmaçlyklaryny jikme-jik beýan etdi: şäheriň merkezinde ýerleşýär, iki zaly bar, 100 adam üçin niýetlenen, stollaryň üstünde şemler goýlupdyr we kürsüler gyzyl örtgüli. Erotiki agşamlary bilen meşhur bolan bu klub 1994-nji ýylda açylypdy.
"Luna" klubynda aýdymçy Şuranyň konsertiniň wideosy, 1997. Şura (hakyky ady – Aleksandr Medwedew) 2000-nji ýylyň ahyrynda, Russiýadaky gomoseksuallara garşy kemsidilmelere aç-açan garşy çykyş etdi, 2022-nji ýylyň ýanwarynda, Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberdäki urşy başlamazyndan öňinçä bolsa, Krymyň anneksiýa edilmegini goldap, ýarymadanyň ýaşaýjylarynyň "şatlygyny paýlaşýandygyny" aýtdy.
“Nezawisimaýa gazetanyň” habarçysy Besik Pipiýa Putiniň ondan öň, şäher häkiminiň orunbasary wezipesini eýeleýän wagtynda hem "Lunada" bolandygyny ýatladýar. Eýsem geljekki prezident bu kluba ýöne gatnaşmandy, ol ýerde işewür duşuşyklary geçiripdi diýip, telekeçi Maksim Freýdzon 2016-njy ýylda, Azatlyk Radiosynyň geçiren interwýusynda gürrüň berdi. Putin häkimiň orunbasary hökmünde, şäher eýeçiligindäki emlägiň hususy eýeçilige geçirilmegine, olary hasaba almak, dokumentleri we ygtyýarnamalary düzmek üçin, para alandygyny tassyklady (Kreml bu aýyplamalar barada, hiç bir düşündiriş bermedi). Freýdzonyň aýtmagyna görä, onuň özi hem Putin bilen “Lunada” azyndan üç gezek duşuşypdyr. “Ol adaty striptiz klubydy. Baryň arkasynda gyzlar bolup, olar bilen otaga girmek mümkindi” diýip, Freýdzon gürrüň berýär.
1999-njy ýylyň dekabrynda Putin öz hökümetiniň birnäçe ministri bilen "Luna" gelip, ikinji gatda, sahnanyň göni garşysynda oturdy diýip, “Nezawisimaýa gazeta” tassyklaýar. Neşiriň maglumatyna görä, Putini prezident sakçylary ugradypdyr, ýogsa ol şondan alty gün soň, döwlet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolupdy. Howpsuzlyk çäreleri ýöne ýere däl eken: şondan bary-ýogy alty aý geçensoň, “Lunada” partlama boldy, bu Sankt-Peterburgyň gijeki klublarynyň taryhynda, ilkinji heläkçilik çäresidi, ol şonda pidasyz gutardy.
Putiniň saparynyň dowamynda, programmanyň iň ähmiýetlisi çykyşy "Aý perişdesi" erotik tomaşasy boldy. Ol tomaşany 2003-nji ýylda, Russiýanyň "Ekspress gazeti" şeýle beýan etdi:
"Agşamlyk nahary berlen wagtynda, sahnada "Aý perişdesiniň" tomaşasy başlandy, gündogar gyrnaklarynyň tanslary we erotik korrida çykyş edýärdi, onda ýarym ýalaňaç hanym-buýrujy oýnaýardy. Kaşaň we örän açyk lybaslar tansçylaryň owadanlygyny bezeýärdi. Islendik islege laýyk gelýän gyzlar bardy. Aýdym-saz hem tans hereketleri iň ýokary derejededi. Wladimir Wladimirowiç geň galmasyny ýaşyrjak bolman, tansçylary synlaýardy. Aýdylyşyna görä, hormatly myhman öz nazary bilen hatda tejribeli striptizçi gyzlary-da biraz utandyrypdyr. «Men onuň özüme seredişini duýdum, hatda bu meni biraz utandyrdy» diýip, tansçy Oksana ýatlapdy.
"Tomaşada bar zat bar: gyzgyn sährada gyrnaklar bilen söýgi oýny, zenan-şamaryň towlanýan tansy, hyzmatkäriň söýgüsi, güýçli öküz bilen söweşýän inçemik gyzyň çalasynlygy sahnada janlanýar. Tansçylaryň kiçijik, orta we uly göwüsleriniň her dürlüsini görmek mümkin, bezegli lybaslar, haýran ediji hereketler, ýalkymly pursatlar, erkin joşgun, altyn, arzuw-hyjuw, bagtyýarlyk..." diýip, Putiniň gören "Aý perişdesi" barada, Besik Pipiýa ýazypdy. Şowhun tamamlanandan soň, Russiýa Federasiýasynyň şol wagtky premýer-ministri "Täze müňýyllykda bagtyýarlyk" arzuw edip, kluba öz ýazgysyny galdyrdy.
Ony almak “Nezawisimaýa gazediniň” makalasynda "striptizçi" atlandyran şol Oksana tabşyrylýar. «Putiniň keýpi gaty ýokarydy» diýip, ol gyz ýatlady.
Soňra Putiniň galdyran awtografy metal plitanyň ýüzüne oýulyp geçirildi we beýleki VIP myhmanlaryň çeken gollary bilen birlikde, klubyň diwarynda, çarçuwada asylyp goýuldy. Ýüzi ýazgyly metal plita azyndan 2003-nji ýyla çenli şol ýerde asylgy durdy.
Çeşme şeýle ýerde syýasatçynyň bolmagy onuň abraýyna kölege salmaýar diýip hasaplaýar: «Owadan tansçylary bolan tomaşaly gijeki klubdy. Has takygy, ol şowhun restorany bolupdy. Şeýlelikde, ol “ýalaňaç agşamlyk» bilen deňeşdirmekden uzagrakdy».
Putiniň “Luna” klubyna ýazgy galdyryp hoşlaşan köne müňýyllygy Russiýa üçin gowy tamamlanmady. Golaýda Iwleýewanyň guran "ýalaňaç agşamy" rus goşunynyň Ukrainada gandöküşikli söweşleri başdan geçirýän wagtynda, başgalarda gahar-gazap döreden bolsa, şol döwürde ikinji çeçen urşunyň iň gyzgalaňly wagtydy. Ol uruş 1999-njy ýylyň awgustyndan bäri dowam edýärdi. Putin "Aý perişdesi" agşamyna barmazdan bir aý öň, rus goşunlary Groznyý şäherini gabapdy. Diňe resmi maglumatlara görä, Russiýa ikinji çeçen urşunda, 7 müňden gowrak esgerini, ofiserini we içerki goşunyny ýitirdi.
Şol wakalar baradaky maglumatyň yzlaryny öz döwrüniň metbugatyndan tapyp bolýar. 25-nji dekabrda Putin “Luna” klubyna gelende, "Kommersant" gazeti Ýewropa geňeşiniň Parlament assambleýasy Çeçenistandaky uruş sebäpli, Russiýanyň bu gurama agzalygyny soňa goýmagy yglan etdi diýip ýazdy. 24-nji dekabrdaky sanynda, ýene şol “Kommersant” Inguşystanyň prezidenti Ruslan Auşew öz respublikanyň "Çeçenistan meselesiniň harby çözgüdini goldamaýandygyny" aýtdy diýip ýazdy. Şol bir wagtda, gazetiň soňky 28-nji dekabrda, sişenbe güni çykan sanynda, "Ýeňşiň tagamy" atly makala çap edildi. "7-nji awgustda Russiýa urşa girdi. Beýik Watançylyk urşundan soňky ilkinji halk urşy. Onuň halky bolmagynyň sebäbi, ýarym asyryň içinde, ilkinji gezek Orsýete hüjüm edilendigi bilen düşündirilýär. Dogrusy, diňe ol hem däl. Aslynda soňky ýarym asyrda Russiýa ilkinji gezek ýeňşiň tagamyny duýdy" diýip, makalada aýdylýardy.
Kabare we Putiniň köşgüniň striptiz otagy
Ýalaňaç çykyşlaryň görkezilýän klublarynda, ýokary wezipeli resmileriň dynç almagy Russiýada henizem resmi taýdan höweslendirilýär we amala aşyrylýar.
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda, rus goşuny golaýda özüniň taşlap çykan Hersony bombalaýarka, öýlänler Sankt-Peterburgyň merkezindäki gatnaw tas togtadyldy: GDA-nyň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitiniň myhmanlarynyň hatyrasyna köçeleriň köpüsi ýapyldy. Duşuşygyň resmi bölegi Wladimir Putinden başga-da, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda, Senat meýdançasyndaky prezident kitaphanasynda geçirildi we ol adaty bolmadyk ýagdaýda, çalt tamamlandy. Putin bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň gysga çykyşlaryndan soňra, žurnalistler zaldan çykaryldy. Prezidentleri bolsa awtobusa mündürip, göwün açyjy "Leningrad-merkezine" alyp gitdiler. Aleksandr Lukaşenkonyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, sammitiň resmi däl bölegi ýedi sagatlap, “Leningrad-merkezinde” ýapyk gapylaryň arkasynda dowam edipdir.
Birwagt (rewolýusiýadan öň) sergi pawilýony, soňra “Leningrad” kinoteatry bolan ol taryhy bina uzak bejeriş-dikeldiş işlerinden soň, 2014-nji ýylda açyldy. Ilkibaşda bu ýerde “Fantanel” saz-tomaşaly kabare açylar diýip çak edilýärdi, emma wagt geçmegi bilen resmi konsepsiýa üýtgedi we özüni "şowhun mesgeni, tomaşa, formatlara we çarçuwa laýyk gelmeýän sungaty hödürleýän häzirki zaman göwün açma medeniýetiniň merkezi” diýip tanadan “Leningrad-merkezi” boldy. Feliks Mihaýlowyň ýolbaşçylygyndaky "Fantanel" kabare golaýda açylyp, eýýäm tansçylaryny toplap başlady. Şol bir Mihaýlowyň baştutanlygynda "şowhun mesgeninde", konsepsiýanyň üýtgemegine garamazdan, "Leningrad-merkeziniň" repertuarynda esasan ýarym ýalaňaç artistler bilen kabare çykyşlary bolup geçdi. 2023-nji Täze ýyla, ýagny geçen ýylky GDA-nyň sammitiniň dowamynda, "Leningrad-merkezinde" "diňe ululara niýetlenen, iň batyrgaý Täze ýyl tomaşasy" diýlen çakylygyň iň saýlantgy çykyşy "Ýary gijä çenli ýetişiň” diýlip atlandyryldy.
“Leningrad-merkeziniň” "Ýary gijä çenli ýetişiň" atly şowhun reklamasy:
“Kommersantyň” žurnalisti Andreý Kolesnikow öz hasabatynda, GDA ýolbaşçylarynyň “Leningrad-merkez” (ol doganlar Kowalçuk we Wladimir Putiniň öňki söýgülisi Svetlana Kriwonogih bilen baglanyşykly gurluşa degişli) sammitini "kartada täze nokat" diýip atlandyrdy. Ýöne aslynda ol beýle däl. 2021-nji ýylda şeýle duşuşyk geçirilen güni Sankt-Peterburgyň merkezinde, bir ýyl öň bolşy ýaly, uly päsgelçilik döredilipdi. "Fontanka" neşiriniň aýratyn bellemegine görä, şol wagtda "Leningrad-merkeziň" töweregi gabawda saklandy.
Uly ýaşdakylara niýetlenen tomaşa jaýlaryna barmak Wladimir Putiniň Täze ýyl endigine meňzeýär, onuň ýarym ýalaňaç tomaşa bolan gyzyklanmasy öňräkden bar. Orsýetiň prezidenti entek Germaniýada işläp ýörkä, striptizde bolandygyny açyk boýun aldy. Putiniň Hamburgda erotiki tomaşa barandygy barada, 2000-nji ýylda çap edilen "Birinji şahsyň dilinden. Wladimir Putin bilen söhbetler” atly kitapda şeýle diýilýär:
"Bir gezek biz Hamburgda dostlar bilen erotik tomaşa gitdik. Aslynda oňa erotik diýmek ýerlikli bolmaz, belki, ondan üýtgeşigräk tomaşa. Ýöne biz aýalymyz bilen barypdyk! "Gel, bizi bir ýere, nähilidir täsin ýere alyp git..." diýip, muny maňa olar teklip edip başladylar. Daşary ýurda ilkinji gezek çykyşymyzdy. "Belki, gerek däldir?" – "Gerek, gerek, biz isleýäs, biz eýýäm uly ahyryn!" – "Ýeri, bolýar, siziň özüňiz muny isleýärsiňiz” diýdim. Bardyk, stol başynda oturdyk. Başlandy. Afrika-amerikan solistleri çykdylar: şeýle sagdyn, boýy iki metre golaý [gara tenli erkek] we [gara tenli] çepiksi gyzjagaz. Olar ýakymly sazyň täsirinde, ýuwaş-ýuwaşdan çykarynyp, soňra başladylar”.
Aradan ençeme ýyl geçip, 2013-nji ýylyň 8-nji aprelinde, Putin Germaniýanyň başga bir şäheri Hannowerde, Angela Merkel bilen senagat ekspozisiýasyna gatnaşanda, belki-de, striptize barlan şol pursady ýatlan bolmagy mümkin. Birdenkä Ukrainanyň "Femen" atly hereketiniň aktiwistleri oňa topuldylar. Biline çenli ýalaňaç zenanlaryň biriniň arkasynda "Иди *****, Путин" diýen ýazgy bardy. Ekspozisiýa syýahatdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda, Orsýetiň prezidenti bu çäräniň özüne ýarandygyny aýdyp, ýöne "syýasy meseleleri egin-eşik geýip maslahatlaşmak gowy, eşik çykarynmak üçin, başga jaý gerek” diýdi.
2021-nji ýylda Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy göreş fondy Gelenjigiň golaýyndaky Idokopas burnagynda gurlan "Putiniň köşgüniň" barlagyny ýaýratdy.
Derňewiň awtorlary köşgüň gurluşygynyň çyzgylary bilen tanşyp, striptiz üçin aýratyn otagyň bardygyny anykladylar. Barlagçylaryň aýtmagyna görä, gurluşyk işlerine Putiniň dosty we gudaşy Nikolaý Şamalow tarapyndan gözegçilik edilipdir. Gurluşyk meýdançasynyň goragyna FSO gullukçylary gatnaşdylar, obýektiň üstünden uçuşa rugsat bermezlik zonasy gurlupdyr. Bu derňew köpçülige ýaýradylandan soň, Putiniň beýleki bir dosty Arkadiý Rotenberg köşgüň özüne degişlidigini aýtdy.
2023-nji ýylyň 26-njy dekabrda, Filipp Kirkorowyň "ýalaňaç agşama" gatnaşandygy üçin, köpçüligiň öňünde ötünç soran güni, Peterburgda ýene-de GDA baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Bu gezek onuň gün tertibinde, “Leningrad-merkezine” barmak göz öňünde tutulmady. Onuň ýerine myhmanlar üçin, Leningrad oblastyndaky patyşa mülküne gezelenç gurnaldy. Onda iň ýokary gatlakdakylaryň egin-eşik bezegleri, slawýan dessur aýdymlary we sazanda Sergeý Rolduginiň wiolonçelde çykyşy boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.