Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýa göçüp gelmek isleýän beýleki ýurtlaryň raýatlaryna “gumanitar goldaw” bermek hakynda karara gol çekensoň, Russiýa gitmekçi bolýan lebaplylaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda sebitden maglumat berdi.
“Türkmenabat şäherindäki Lebap welaýat migrasiýa bölüminiň öňünde täze biometriki pasportlary almak üçin nobata duranlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär. Olaryň tas ählisi Putiniň karary barada gürrüň gozgap, ähli maşgala agzalary bilen bilelikde Türkmenistany terk etmäne taýýardyklaryny aýdýar” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu raýatlaryň arasynda gullugy tamamlan ýigitleri we ýaş gyzlary, 10-20 ýyl çemesi býujet edaralarynda işlän lebaplylary görmek bolýar.
Degişli maglumat Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'“Men jaýymy we maşynymy hem satjak. Bir sany çagam bar. Ähli resminamalary oňaryp, Orsýete gitjek” diýip, saýatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bellesek, Putin “öz döwletiniň syýasatyny goldaýan” we Russiýa göçüp gelmek isleýän daşary ýurtlular üçin “ynsanperwer goldaw” bermek baradaky karara 19-njy awgustda gol goýdy. 1-nji sentýabrda güýje girýän kararda “däp bolan rus ruhy we ahlak gymmatlyklaryny paýlaşýan adamlara gumanitar goldaw” göz öňünde tutulýar.
Oňa laýyklykda, daşary ýurtlulara bir gezeklik üç aýlyk wiza berler we olar Russiýada wagtlaýyn ýaşamaga ygtyýarnama ýüz tutup bilerler. Bu ygtyýarnama olara Russiýada üç ýyl ýaşamaga we işlemäge mümkinçilik berýär… Daşary ýurtly raýat, ýurtda bäş ýyl ýaşandan soň Russiýanyň raýatlygyna ýüz tutup biler diýip, “RTVI” rus neşiri ýazýar.
Biometriki pasport almak isleýän türkmenabatlylaryň ençemesi türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan närazydygyny, çagalarynyň ýagty geljegi üçin ýurtdan gitmeklik kararyna gelendigini aýdýar.
“20 ýyllap hökümetde işledim. Para we adalatsyzlykdan ýadadym. Putiniň çeken kanuny esasynda, ýeňilleşdirilen prosedura boýunça raýatlyk alyp bolýar. Meniň aladam çagalarymyň geljegi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, karary öwrenen türkmenabatly ýuristleriň birnäçesi anonimlik şertinde beren maglumatynda onuň daşary ýurtlulara rus raýatlygyny kepil geçmeýändigini nygtaýar.
Şeýle-de, olar kararyň wagtlaýyn ýaşamaga ygtyýarnamany göz öňünde tutýandygyny aýdyp, onuň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda söweşmäge hakyna adam tutmak üçin kabul edilendigine ynanýandyklaryny bellediler.
Degişli maglumat Türkiýede 'gazanç' mümkinçiligini ýitirýän türkmenler Russiýa ýykgyn edýär“Adamlar Putiniň çykaran kararynyň ýasamadygyna, Ukraina garşy alyp barýan urşunyň bir elementidigine düşünmeli. Sebäbi Russiýanyň Merkezi Aziýadan bolan migrantlary hakyna tutma harby toparlar arkaly Ukrainadaky urşunda söweşmäge iberýändigini bilýäris, eşidip gelýäris” diýip, türkmenabatly ýurist anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 178-nji maddasynda raýatyň daşary ýurtlarda harby çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşandygy üçin üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilýändigi aýdylýar.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina sebäpsiz çozup, uly goşun sürdi. Şondan bäri Russiýanyň daşary ýurtlulary, şol sanda merkezi aziýaly zähmet migrantlaryny bu urşa ugratmak ýaly mejburlyk ýa-da hile bilen bagly hadysalaryň köpelýändigi barada maglumatlar yzygiderli peýda bolýar.
Ýöne soňky ýyllarda Russiýada urşa ugradylmak howpunyň artmagy hem türkmenleriň, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, bu ýurda gitmek isleglerini gowşatmaýar.
2023-nji ýylda Türkmenistandan Russiýa gelýänleriň sany ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 9,5 esse artdy. RBK neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyna salgylanyp, geçen ýyl Russiýa syýahatçylyk maksatlar bilen, Türkmenistanyň 34,7 müň raýatynyň gelendigini, 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 3,6 müň adama deň bolandygyny habar berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat Maryda Orsýetden gaýdyp gelýän zähmet migrantlary köpelýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.