Rus prezidenti Wladimir Putin Ukrainadaky harby hereketleri soňlamaga, şol sanda bir aý möhlet bilen ok atşygyny bes etmek baradaky ylalaşyk bilen razylaşmaga özüniň taýýardygyny aýtdy. Ýöne, ol taýýarlyk prosesiniň iki tarapdan hem “hysyrdyly” taýýarlyk talap edýändigini nygtady.
Putin 13-nji martda geçiren we Russiýa-24 telekanalynda efire berlen metbugat ýygnagynda ýaraşygyň tutuş front çyzygynyň gözegçiligi boýunça bar bolan meseleleriň çözülmegini talap edýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol Russiýanyň Kursk sebitinde daşynyň gabalandygy öňe sürülýän ukrain güýçleriniň boýun synmagyny talap etdi we ýaraşyk döwründe Ukrainanyň ýaraglar bilen üpjün edilmeginiň bes edilmelidigini nygtady. Ýöne Kursk sebitinde ukrain güýçleriniň gabaw astyndadygy baradaky habarlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.
Putin ýaraşyga taýýarlanmak üçin mundan beýläk-de gepleşikler geçirmegiň, şol sanda, mümkin, ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen arada hem gepleşmegiň zerur bolandygyny belledi.
Putin gepleşikler boýunça Trampyň tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi we dünýä liderleriniň öz möhüm meselelerine garamazdan, ABŞ prezidentiniň, şol bir wagtda Hytaý, Hindistan we Günorta Afrika liderleriniň parahatçylygy gazanmak ugrunda “asylly wezipe” bilen meşgul bolýandyklaryny aýtdy.
Birleşen Ştatlar we Ukraina sişenbe güni Saud Arabystanynda geçirilen gepleşiklerde 30 gün möhlet bilen ok atyşygy derhal bes etmek baradaky teklip boýunça ylalaşdy. Waşington, eger Moskwa bu teklibi ret etse, rus ykdysadyýetine garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini yşarat etdi.
Tramp NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen bolan duşuşygyň yz ýany, Putiniň bellikleri boýunça teswir berdi. Sky News-e görä, Tramp Putiniň beýanatyny “tamaly, ýöne tamam däl” atlandyrdy. Ol hem rus prezidenti bilen göni gepleşmäge isleg beýan etdi.