Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen halkara forumda eden çykyşynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Magtymgulynyň adyny gaýta-gaýta ýalňyş okady, ýalňyş aýtdy.
Takmynan ýedi minut dowam eden çykyşynda nusgawy şahyryň adyny 12 gezek gaýtalan rus lideri her gezekde ýa “Mahmatkuli”, ýa-da “Mahmutkuli” diýip, gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy.
“Ine, rus häkimiýetleriniň türkmen akyldaryna bolan hakyky garaýşy! Mahmatkuly däl, Magtymguly” diýip, Azatlyk Radiosynyň media synçysy sosial torlarda bir türkmenistanly tarapyndan galdyrylan teswiri sitirleýär.
“Putiniň türkmen akyldarynyň adyny görnetin ýalňyş aýtmagy onuň diňe bir Pyragynyň mirasyna däl, eýsem, türkmen halkynyň we döwletiniň medeniýetine bolan başdan sowma ýa-da äsgermezlik garaýyşlaryny hem açyp görkezdi” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosyna iberen syn-seljermesinde aýdýar.
Öz çykyşynda täze dünýä tertibiniň kemala gelýändigini, hususan-da Global Gündogarda we Global Günortada täze maliýe, ykdysady we syýasy güýç merkezleriniň emele gelýändigini öňe süren rus lideri täze dünýäde her bir milletiň öz durmuş-medeni kimligini, özygtyýarlylygyny saklap galmak ugrunda tagalla edýändigini aýtdy, ýöne türkmenleriň milli buýsanjyna öwrülen akyldar şahyryň adyny gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy.
Ukrainada esassyz çozuşa girişip, özüniň media çykyşlarynda goňşy ukrain halkynyň milli kimligini we territorial bitewiligini şu wagta çenli birnäçe gezek inkär eden rus lideri täze dünýädäki ýurtlar üçin özygtyýarlylygyň we sosial-medeni kimligiň ähmiýetini nygtady, ýöne gatnaşyp oturan forumynyň baş sebäpkäriniň adyny gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň synçysy Putiniň Aşgabatdaky çykyşy barada habar beren “Mir” telekanalynyň alyp baryjysynyň hem Magtymguly Pyragynyň adyny ýalňyş aýdandygyny belleýär.
Rus lideri türkmen paýtagtynda Pyragynyň adyny ýalňyş aýdyp eden çykyşynda akyldar şahyry öwdi, onuň türkmen diliniň we medeniýetiniň kemala gelmeginde goşan goşantlaryna salgylandy.
Ýerli synçy Putiniň hem-de “Mir” telekanalynyň alyp baryjysynyň goýberen ýalňyşlarynyň türkmen halkynyň arasynda, sosial torlarda nägilelige ýol açandygyny aýdýar.
“Orsýetiň ‘Mir’ teleýaýlymynyň alyp baryjysy Ýekaterina Abramowanyň Aşgabatdaky sammit baradaky programmasynda nusgawy türkmen şahyryny “Mahmatkuly” diýip atlandyrmagy hem internet ulanyjylarynyň arasynda, şol sanda türkmen, özbek we gazak ulanyjylarynyň arasynda nägilelik teswirlerini döretdi” diýip, media synçysy aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistan Russiýa, Eýran we beýlekiler bilen halkara parahatçylyk forumyna taýýarlyk görýärOnuň gözden geçiren teswirlerinde “Putine ýalňyşmak bolýar, ol Putin ahyryn, beýik lider” diýip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşan adamlar hem bar.
Azatlyk Radiosynyň ýerli synçylary bu hilli rus meýilli teswirleriň esasan Russiýa göçüp giden rus dilli türkmen raýatlary tarapyndan ýazylandygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.
“Ýöne türkmen halkynyň milli bähbitlerini ileri tutup teswir galdyrýan adamlar hem az däl” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Şeýle teswirler Putiniň hem-de Russiýanyň häzirki we geçmişdäki agressiw daşary syýasatyny ýazgarýarlar.
Ýerli synçy türkmen halkynyň bähbitlerini ileri tutýan teswirlere salgylanyp, rus alyp baryjysynyň bu ýalňyşy bilgeşleýin we äsgermezlik görnüşinde goýberendigini aýdýar. Ol alyp baryjynyň ýalňyşynyň türkmen halkynyň arasynda rus mediasyna garşy beslenýän negatiw garaýyşlara goşant goşandygyny aýdýar.
“Hökümetiň hiç bir mesele boýunça jemgyýetiň öňünde açyk reaksiýa bildirip bilmezligi indi jemgyýetiň özüniň nähili hem bolsa açyk görnüşde bar bolan problemalary dile getirmegine alyp gelýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.
“Putiniň we rus propagandasynyň türkmeniň akyldar şahyrynyň adyny şeýle ýalňyşlyk bilen tutmagy türkmen jemgyýetinde seslenme we nägilelik döretdi, ýöne häzire çenli türkmen häkimiýetleri bu meselede hiç hili reaksiýa bildirmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Ýerli synçy türkmenleriň arasynda Internet ulgamynda, sosial torlarda we özara duşuşyklarda şu hili açyk pikir alyşmalaryň barha güýçlenýändigini, bu ýagdaýyň köplenç islendik waka boýunça dymyşlygy saýlap alýan türkmen hökümeti üçin hem möhüm signal bolandygyny aýdýar.
“Türkmen jemgyýeti erkin söze, tankydy pikirlere we problemalaryň bardygyny boýun almaga we olara çözgüt gözlemäge teşneligini häkimiýetlere aç-açan görkezip başlady. Häkimiýetler bu meselede ilatyň islegine jogap berip bilmese, gelejekde bu hereketiň agyr syýasy netijeleri bolmagy gaty ähtimal" diýip, ýerli synçy gürrüň berdi.
Putin ozal hem Merkezi Aziýa liderleriniň atlaryny ençeme gezek ýalňyş aýdyp ýatda galypdy. Ol şu wagta çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň öňki ýa-da häzirki prezidentleriniň atlaryny ýalňyş aýtdy.
Aşgabatda 11-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy – häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma 10-dan gowrak ýurduň baştutanlary gatnaşdy.
Degişli maglumat Özbek prezidentiniň Magtymguly baradaky karary türkmenleriň arasynda 'çekişme' döretdiGalyberse-de, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan bu forumyň meýdançalarynda Aşgabatda duşuşyp, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy.
Synçylar bu duşuşyga halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşip barha ýalňyzlaşýan ýurtlaryň özara arkalaşmak synanyşygy hökmünde baha berdiler.
Bu duşuşykdan ozal, ukrain häkimiýetleri türkmen häkimiýetlerinden rus prezidentini tussag etmegi soradylar.
Azatlyk Radiosynyň ýerli synçysy soňky ýyllarda türkmen halkynyň arasynda ýurt içinde we halkara arenasynda bolup geçýän wakalara biperwaýlygyň aradan aýrylyp, açyk pikir alyşmalaryň möwjeýändigini, Putiniň Pyragy bilen bagly goýberen ýalňyşynyň üstüniň hem jemgyýetiň biperwaý däl agzalary tarapyndan açylandygyny we gün tertibine getirilendigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.