Putin gozgalaňa gatnaşan wagnerçileriň goşuna goşulyp-da, Belarusa gidip-de biljekdigini aýdýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 26-njy iýunda garaşylmadyk ýerden halka ýüzlenip, hepde aýagynda gozgalaňa gatnaşan söweşijilere amnistiýa teklibini gaýtalady, ýöne bu teklip olaryň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožine degişli däl. Bu Kreml lideriniň öz öňki ýarany bilen arasyny doly üzendigini yşarat edýär.

Putin özüniň gysgajyk çykyşynda “Wagner” hakyna tutma toparynyň söweşijileriniň rus goşunyna goşulyp-da, öýlerine ýa-da Belarusa hem gidip biljekdigini aýtdy.

Ol bir zamanlar Putiniň aşpezi hökmünde tanalýan, “Wagneri” esaslandyran we 62 ýaşynda ýaragly pitnä ýolbaşçylyk eden Prigožin hakynda gönüläp hiç zat aýtmady, ýöne gozgalaňy guraýjylaryň rus halkyna dönüklik edendigini öňe sürdi.

Raýatlar, wezipeli adamlar we ofiserler gozgalaňy duruzmak üçin kän bir tagalla etmänsoň, Kreml lideriniň ýaragly gozgalaň meselesini çözmegine näme üçin bir güne golaý wagt gerek boldy diýen soraglaryň arasynda, Putin bu çykyşynda ýurdy berk gözegçilikde saklaýan meşhur lider hökmünde pese gaçan abraýyny hem dikeltmäge çalyşdy.

Ol, öz sözleri bilen aýdylsa, rus halkyna "agzybirlik" üçin minnetdarlyk bildirdi we hakyna tutma toparyň serkerdelerine we esgerlerine gan dökülmeginden gaça duranlary üçin sagbolsun aýtdy. Bu Putiniň 23 ýyllyk dolandyryşynda ýüzbe-ýüz bolan iň uly synagy hasaplandy.

Putiniň çykyşy Prigožiniň garşylykly çykyş edip, öz sözlerine görä, 23-nji iýunda Kremliň Russiýanyň iň gowy söweşijiler toparyny dargatmagynyň öňüni almak üçin gozgalaň turzandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prigožin öz eden hereketleri üçin toba etmedi we şu aralykda FSB-niň "Wagner" toparyna garşy ýaragly pitne sebäpli açan jenaýat işiniň hakykatdan hem ýatyrylandygy mälim boldy.