Täjigistana mobil telefon ýa-da planşet getirýän bolsaňyz, kanuna laýyklykda, ol enjamy hasaba almak talap edilýär.
Siziň hökmany hasaba alyş tölegiňiz bolsa prezidentiň oglunyň ýoldaşlary bilen baglanyşykly hususy kärhananyň jübüsini doldurar. Bu Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan geçirilen barlagda görkezilýär.
Täjigistandaky düzgüne görä, daşary ýurtlardan getirilýän her bir mobil enjamyň halkara anyklaýjysy (IMEI) importdan soňky 30 günüň dowamynda hasaba alynmalydyr.
Awtoritar prezident Emomali Rahmonyň hökümeti bu kararyň howpsuzlygy gowulandyrmaga we telefon ogurlygynyň öňüni almaga gönükdirilendigini aýdýar.
Aslynda bu karar IMEI-niň hasaba alyş işlerini dolandyrmak bahanasy bilen aýratyn hukuk berlen hususy firmany baýlaşdyrýar. Firmanyň ady açyk bolmadyk bäsleşikdäki ýeňişden soňra-da, iki ýyldan gowrak gizlin saklandy.
Azatlygyň Täjik gullugy tarapyndan öwrenilen maglumatlara görä, IMEI-niň ýazuw şertnamasynyň ahyrky peýdalanyjysy Täjigistanyň Avesto Group atly garyşyk kompaniýasydyr.
Avesto Group Täjigistanda höküm sürýän maşgala bilen baglanyşykly, onuň baş direktory Muhammed Mirzo, ol Täjigistanyň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň öňki orunbasarydy. Onuň dogany Hurşed Mirzo bolsa prezident Rahmonyň täsirli uly ogly Rustam Emomaliniň ýakyn egindeşi.
Kakasyna mirasdar bolmagy çak edilýän Rustam Emomali Duşanbe şäheriniň häkimi we parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy wezipelerini alyp barýar. Ol Täjigistanyň Futbol Federasiýasyna hem başlyklyk edýär. Hurşed Mirzo bolsa Futbol Federasiýasynyň wise-prezidentidir.
Avesto Group özüniň iki filialynyň üsti bilen IMEI hasaba alynmagyndan peýda gazanýar: hasaba alyş üçin tenderde ýeňiş gazanan Net Solutions Duşanbe tehnologiýa kompaniýasynda durýar, “Duşanbe Сiti Bank” bolsa onuň hasaba alyş töleglerini geçirýär.
Avesto Group ýa-da onuň filiallary-da IMEI hasaba alnyşy bilen bagly takyk maliýe maglumatlaryny köpçüligiň öňünde mälim etmediler. Emma hökümet ýolbaşçylarynyň jemagat öňündäki çykyşlaryna salgylanylsa, olaryň hasaba alyş talaplarynyň güýje girmeginden soňky ilkinji dokuz aýynda, kärhanalardan jemi 2 million dollardan gowrak tölegleriň geçendigi görkezilýär.
IMEI hasaba alnyşyndan gelýän girdejileri Avesto Group’da nähili hasaplanýar?
Täjigistanda IMEI hasaba alnyşyndaky töleg her enjam üçin 50 somoni. Bu dört ýarym dollara golaý. Awgust aýynda Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Azim Tursunzoda 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan, 2024-nji ýylyň iýunyna çenli, Täjigistana 757 müňden gowrak mobil telefonyň we planşetiň import edilendigini aýtdy. Ol resminiň sözüne görä, enjamlaryň 525 müňden gowragyna salgyt salnypdyr we hasaba alnyş tölegleri ýygnalypdyr. Resminiň maglumatyna laýyklykda, düzgün güýje girizilenden soňky sekiz aýyň içinde, hasaba alnyş tölegleri 26,3 million somoni (2,4 million dollara golaý) gowrak bolupdyr. Şeýle-de, Tursunzoda bu döwürde döwlete şol enjamlar boýunça 11 million dollardan gowrak gümrük paçlarynyň alnandygyny mälim etdi.
2016-njy ýylda döredilen Avesto Group häzirki wagtda birnäçe firmalara we telekeçi kärhanalara, şol sanda un we et önümçiligine degişli ugurlara, senagat taýdan partlaýjy maddalara, bank işlerine we peýdaly ýerasty baýlyklary özleşdirmek işlerine eýe bolýar.
Avesto Group kompaniýasynyň baş direktory Muhammed Mirzonyň Täjigistany dolandyrýan ýokary gatlak bilen gatnaşyklydygy açyk mälim, şol sanda öz dogany Hurşed arkaly-da baglanyşyklary bar. Emma döwlet salgyt hasabatlarynda, bu garyşyk paýdarlar kompaniýasyna kagyz ýüzünde Faýzali Habibow atly ýeke-täk adamyň ady görkezilýär.
Azatlygyň Täjik gullugyna esaslandyryjysy Habibow bolan başga hiç bir kompaniýany tapmak başartmady.
SALGYTLAR, GÜMRÜK ÝYGYMLARY, HASABA ALYŞ TÖLEGLERI
2020-nji ýylyň martynda Täjigistanyň hökümeti ilkinji gezek ýurda getirilen ähli mobil telefonlaryň we planşetleriň IMEI-sini resmileşdirmegi buýurdy. Şonuň bilen birlikde, hasaba alynmadyk enjamlaryň hyzmaty 30 gün geçenden soň awtomatiki ýagdaýda ýatyrylýar.
Döwlet aragatnaşyk gullugynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň fewral aýynda, IMEI-ni hasaba alyş işleri üçin, "hususy kärhananyň" saýlandygyny ilkinji gezek habar berdiler. Emma köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gaýta-gaýta haýyşlaryna garamazdan, hökümet ýolbaşçylary kompaniýanyň adyny aýtmakdan boýun gaçyrdylar.
Şondan iki ýyl geçensoň, 2023-nji ýylyň aprel aýynda, döwlet edarasy şertnamany Net Solutions’yň alandygyny mälim etdi.
Täjigistanyň Döwlet salgyt komitetinden we beýleki dokumentlerden alnan we Azatlyk Radiosy tarapyndan seredilen maglumatlara görä, Net Solutions 2016-njy ýylda Avesto Group tarapyndan esaslandyrylypdyr. Kompaniýa birnäçe dürli atlary, şol sanda "Avesto Internet", "Net Solutions" we "Nets" atlaryny ulanypdyr.
Avesto Group kompaniýasy "Nets" atly Internet hyzmatyny üpjün ediji diýip atlandyrýar we onuň websaýtyna salgylanýar. Websaýt domaininiň eýesi Net Solutions kompaniýasy bolup durýar.
Azatlyk Radiosy Nets kompaniýasynyň eýeleri barada dokumentleri alyp bilmedi, ýöne websaýt bu kompaniýanyň Avesto Group kompaniýasyna degişlidigini görkezýär.
«Net Solutions ýurduň içindäki hususy kärhana. Biz hususy kärhanalaryň arasynda bäsleşik yglan etdik. Şonda Net Solutions biziň [tender] ölçeglerimize laýyk geldi" diýip, Döwlet aragatnaşyk gullugynyň başlygynyň ozalky orunbasary Ilhomjon Atoýew 2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda aýtdy.
Atoýew kärhananyň esaslandyryjylarynyň we eýeleriniň adyny tutmady, şeýle hem şertnama üçin jemagat bäsleşigi barada hiç hili maglumat görkezmedi.
Döwlet aragatnaşyk gullugy-da, Net Solutions hem Azatlyk Radiosynyň sowallaryna jogap bermedi ýa-da tender üçin beýleki haýsy kompaniýalaryň ýüz tutandygy baradaky maglumaty aýan etmedi.
Ýewropada hasaba alnan Täjigistanyň reformalary we ösüşi hereketiniň ýolbaşçysy Şaroffiddin Gadoýew Azatlyk Radiosyna eger IMEI-niň hasaba alynmagy howpsuzlyk maksatlary üçin gerek bolsa, onda tölegler döwlet býujetine gitmeli diýip aýdýar.
Gadoýew hökümetiň Net Solutions bilen baglaşan şertnamasyny "ol ýerdäki esasy maksat pul gazanmak" diýip hasap edýär.
Avesto Group kompaniýasynyň bölümi bolan Net Solutions bilen Täjigistanyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen şertnamada, baş direktoryň sanawyna Bahtowar Abdusattarow girizilýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň baş direktory Firdaws Masumow atly adamdyr.
Masumow Net Solutions kompaniýasyna goşulmazyndan öň, prezident Rahmonyň täsirli giýewi Hasan Asadullozoda bilen bagly Zet Mobile kompaniýasynda müdir bolup işläpdi.
Täjigistanyň internet hyzmatlar pudagyna Döwlet aragatnaşyk gullugy tarapyndan eýelik edilýär. Onuň ýolbaşçysy Beg Sabur prezident Rahmonyň gyzlarynyň biriniň gaýyn atasy.
Täjigistanyň garaşsyz maliýe eksperti Amon Asror Net Solutions kompaniýasynyň girdejili şertnamany almagyny Täjigistanda döwlet şertnamalarynyň nähili baglaşylýandygynyň aýdyň mysalyny görkezýär diýip hasaplaýar.
"Käte täze döredilen birnäçe kompaniýalar üçin, bäsleşigiň boljagy barada halkyň hiç zat eşitmeýän ýagdaýlary bolýar. Ýöne bäsleşik geçirýänler bu kompaniýalaryň arkasynda, kimiň durýandygyny eýýäm bilýärler" diýip, Asror aýdýar.
TOÝDAKY MYHMAN
2013-nji ýylda Rahmonyň ogly Rustam Emomaliniň toý meýlisinden alnan şekiller Avesto Group kompaniýasyň baş direktory Muhammed Mirzonyň häkimiýete eýelik edýän maşgalanyň agzalaryna ýakynlygyny görkezdi.
Hususy eýeçilikdäki "K+" telekanalynyň görkezen suratlarynda, Muhammed Mirzonyň dogany Hurşediň nähili tans edýändigini görmek bolýar. Ol toýa diňe Rahmonyň maşgalasy, dost-ýakynlary we ýokary wezipeli döwlet işgärleri gatnaşypdy.
Täjigistanyň garaşsyz habar agentligi Asia-Plus tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edilen maglumatda, Hurşed Mirzo "Rustam Emomaliniň toparynyň möhüm agzasy" diýlip atlandyryldy.
Şol aýda Hurşed Mirzo Täjigistanyň täze döredilen Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar agentliginiň başlygy wezipesine bellendi.
AÝRATYN HUKUK
IMEI-ni hasaba almaklyk Täjigistanyň hökümetiniň Net Solutions we “Duşanbe Citi banka“ beren ýeke-täk girdejili taslamasy däldir.
Avesto Group kompaniýasyň iki subýekti Duşanbe şäheriniň köçelerinde ýol hereketiniň bozulmalaryny hasaba almak, awtoduralgalary gurmak we elektrik bilen ýöreýän ulaglar üçin beket hyzmatlarynyň işlerine gözegçilik boýunça kameralary ýerleşdirmek üçin hem şertnamalary baglaşdylar.
Şertnamalaryň şertlerine laýyklykda, Avesto Group ýene üç taslamany amala aşyrmaga 10 million dollara çenli maýa goýumlaryny goýmagy maksat edinýär.
Azatlyk Radiosy tarapyndan seredilen resminamalarda ýol hereketiniň bozulandygy üçin ýygnalan jerimeleriň diňe ýarysynyň Täjigistanyň Döwlet býujetine barýandygy görkezilýär. Jerimelerden gelýän puluň beýleki ýarysy Avesto Group kompaniýasynyň subýektlerine gidýär.
Duşanbe şäherinde 2013-nji ýylda "Howpsuz şäher" diýlip atlandyrylýan taslamanyň çäklerinde, ýol hereketine gözegçilik edýän kameralar ýerleşdirilip başlandy. Bu ulgama laýyklykda, toplanan jerimeler döwlet býujetine geçdi. Diňe 2017-nji ýylda ýol hereketiniň bozulandygy üçin, döwlete üç million dollara golaý jerime puly geldi.
“Howpsuz şäher” proýektinden tapawutlylykda, Avesto Group ýol hereketiniň enjamlarynda, köp sanly mobil tizlik barlag kameralaryny hem öz içine alýar. Gözegçilik ulgamy açylandan köp wagt geçmänkä, 2024-nji ýylyň iýunynda Täjigistanyň hökümeti Net Solutions we “Duşanbe Citi banka” bäş ýyllyk döwür üçin, 50 göterim salgyt ýeňilliklerini döretdi.
Şeýle hem Täjigistanyň hökümeti Avesto Group kompaniýasyna öz şahsy girdejisini ofşor kenaryndaky hasaplara geçirmäge aýratyn hukuk berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.