Prezidentiň Astanada eden 'howaýy' çykyşy raýatlary 'begendirmedi'

Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy awgustda Astanda, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň altynjy konsultatiw, ýagny geňeş, maslahat duşuşygynda eden çykyşy türkmenistanlylarda dürli pikirleri döretdi. Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen synçylar, telekeçiler türkmen resmileriniň 'boş gürrüňlerden anyk işe geçmelidigini, bu hili çykyşlaryň olara ne ýurt içinde, ne-de ýurt daşynda abraý getirýändigini aýdýarlar.

“Ýapyk ýurduň lideri serhetden geçýän ýükleri daşamakda ýeňillikleri teklip edýär, maglumat üzňeligi syýasatyny ýöredýän prezident duşuşykda açyk dialoga, konsultatiw duşuşygyň hut konsultatiw häsiýetine üns çekýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, türkmen prezidenti bu duşuşyga bir tarapdan "berk düzgüni we gözükdirijisi" bolmadyk, ýagny hiç hili hökmany syýasy çözgütleri kabul etmäge itermeýän, hiç hili syýasy we amaly tarapdan anyklaşdyryjy we hökmany "gurluşy" talap etmeýän erkin, özara ynanyşmak esasyndaky pikir alyşma platformasy hökmünde seretse, beýleki tarapdan, bu duşuşyklaryň "anyk kesgitlenen jemleýji resminama" bilen tamamlanandygyny belläp, türkmen hökümetiniň iş ýüzünde alyp barýan "gepleşik üçin gepleşik, duşuşyk üçin duşuşyk, maslahat üçin maslahat we islendik anyklaşma "ýok" diýýän syýasatyny gytaklaýyn boýun aldy.

Degişli maglumat Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?

Türkmen lideriniň nutugynda beýleki ýurtlary gyzyklandyrjak esasy iki mesele bolup, olar energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly. Ol özara hyzmatdaşlykda milli energetika ulgamlarynyň adatdan daşary tebigy we tehnogen ýagdaýlarda hem howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda hem durup geçdi. Emma synçylar türkmen ýolbaşçylarynyň bu meseleler barada esasan gürrüň edip, ýeterlik iş etmeýändiklerini belleýärler.

"Milli energetika ulgamynyň dürli adatdan daşary tehnogen we tebigy häsiýetli ýagdaýlarda howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda gürrüň etmek gowy, ýöne bu meseleler diňe gürrüň bilen çözülmeýär. Meseleleriň çözgüdi üçin ilki anyk gürrüň, soň anyk we yzygiderli iş edilmeli” diýip, ýerli synçy 2023-nji ýylyň başynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna gelen aşa aýazly gyşda türkmen tarapynyň ýüzbe-ýüz bolan gaz kynçylyklaryny mysal getirdi.

Biraz yza çekilsek, şonda Türkmenistan Özbegistana iberýän tebigy gazyny birden kesdi we gaz ibermek barada öz üstüne alan borçnamalaryny esli wagt ýerine ýetirip bilmedi. Elbetde, bu hili ýagdaýlar bolup biler. Ýöne synçy türkmen resmileriniň gaz kesilmesiniň mümkin bolan sebäpleri hakynda metbugatda hiç zat aýtmandygyny, resmi Aşgabadyň hatda goňşy ýurda iberýän gazynyň kesilendigini açyk boýun hem almandygyny, türkmenleriň bu habary diňe özbek metbugatynyň habarlaryndan bilendigini belleýär.

Aýdylmagyna görä, türkmen hökümeti diňe goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda döreýän kynçylyklaryny däl, ýurt içindäki kynçylyklaryny hem ýaşyryp saklamaga çalyşýar.

“Şu ýylyň tomus aýlarynda Türkmenistanyň welaýatlarynda ýiti benzin we ýangyç ýetmezçiligi döredi, elektrik togy ýygy-ýygydan kesildi. Emma häkimiýetler bu ýagdaýa hiç bir resmi düşündiriş bermedi. Bu hili ýagdaýda Berdimuhamedowyň eden çykyşy, gynansagam, netije nukdaý nazaryndan seredilende, örän gümürtik bolup görünýär " diýip, paýtagtly synçy aýtdy.

Azatlyk bilen pikirini paýlaşan telekeçiler, sürüjiler bolsa, türkmen lideriniň Astanada "söwdany ösdürmek, senagat gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak" hakynda aýdan sözleriniň uzak ýyllar bäri gaýtalanýandygyny, ýöne netije bermeýändigini aýtdylar.

Degişli maglumat Syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy we “pyntyklaýan pikirler”

"Dogry, Özbegistanda türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda onlarça kiçi we kiçeňräk firma işleýär, ýöne ‘Türkmenistanda şeýle firmalaryň we kärhanalaryň näçesi işleýär?’ diýen soraga jogap tapmak kyn" diýip, maryly telekeçi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri hatda özbek telekeçilerine hem aňsat wiza bermeýärler.

"Türkmen wizalary diňe Özbegistanyň resmi delegasiýasynyň wekillerine, uly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biznesine ýakyn uly özbek täjirlerine berilýär, orta we kiçi diýilýän telekeçileriň wiza almagy kynlaşdyrylýar. Bu ýagdaýda nädip özara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürip bolar?" diýip, maryly telekeçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen prezidentiniň Astanada eden çykyşy balkanly telekeçilerde hem sorag döretdi. Gazagystan bilen söwda gatnaşyklarynda bolan türkmenbaşyly telekeçiniň pikirine görä, sebit ýurtlarynyň arasyndaky wiza düzgüni ýatyrylyp, ýurtda erkin walýuta çalşygy dikeldilmese, bar bolan beýleki meseleler boýun alnyp, açyk maslahatlaşylmasa, päsgelçiliksiz awtoulag, awtobus, otly, uçar gatnawlary ýola goýulmasa, serhetýaka söwdasy barada gürrüň etmegiň manysy galmaýar.

Türkmenistanlylar ýerli metbugatda prezidentiň ol ýa-da beýleki maslahatda eden çykyşy, aýdan sözleri barada özlerinde döreýän soraglary berip, pikir alşyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.