Prezident türkmen medeniýetiniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygyny aýdýar

Bezeg suraty

Türkmenistanda şu gün Medeniýet hepdeligi başlandy. Bu gezekki Medeniýet hepdeligi Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlagyny çap etdi. Onda ýurduň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanýandygy barada aýdylýan sözler gaýtalanýar.

Şeýle-de, prezident milli medeniýetiň, sungatyň hem-de edebiýatyň barha kämilleşýändigini öňe sürýär.

“Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, gutlagda aýdylýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende ýurtda ilhalar sahna eserleriniň, kinolaryň, okyjylary özüne çekýän eserleriň we makalalaryň ýokdugyny boýun alypdy. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýerli synçylar uly Berdimuhamedowyň boýun alan ýagdaýynyň şindi hem üýtgemeýändigini aýdýarlar.

Olar munuň sebäbini döredijilik erkinliginiň gazaply çäklendirilmegi, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda güzeran aýlamaga çalyşýan medeniýet, sungat we edebiýat wekilleriniň hakykatda hökümet waspçylaryna öwrülmegi bilen düşündirýärler.