Eýranda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçylaryň kandidaty Masud Pezeşkian ýeňiş gazandy. Saýlawlarda ýurduň ýokary ruhany lideri aýatolla Hameneýi tarapyndan goldanylan konserwatiw kandidat Said Jalili ýeňlendigini boýun aldy.
Saýlaw kampaniýasy başlamazdan öň, öňki Saglygy goraýyş ministriniň ýeňjekdigini hiç kim göz öňüne-de getirip bilmändi. Pezeşkian öz saýlawlar kampaniýanyň baş edarasynda eden çykyşynda, özüniň prezidentlige saýlanmagy jemgyýetiň özboluşly bir protesti diýip belledi.
"Men bu saýlawlarda ýalan wadalar bermedim. Men ertirki gün edip bilmejek zadym barada hiç zat aýtmadym. Närazylyk şertlerine batylan halatynda, siz jemgyýete umyt berdiňiz" diýip, ol aýtdy.
Eýran üçin Masud Pezeşkianyň saýlanmagy ýerine ýetiriji häkimiýetiň adatça Günbatar bilen dialogyň tarapdary bolan reformaçylaryň eline geçmegini aňladýar we olar içerki repressiw syýasatyň gowşamagyny goldaýarlar.
Pezeşkian 69 ýaşynda. Reformaçy prezident Muhammet Hatamynyň kabinetinde, bäş ýyllap Saglygy goraýyş ministri wezipesinde işledi. 2016-2020-nji ýyllarda Eýranyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde iş alyp bardy. Ol 2009-njy we 2022-nji ýyllarda köpçülikleýin protestleriň basylyp ýatyrylan döwründe, häkimiýetleri tankytlamak bilen özüni iki gezek tapawutlandyrdy. Pezeşkian ABŞ bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň hem-de aýallara azatlyk berilmeginiň tarapynda çykyş edýär. Şeýle-de, ol hijap geýinmäge garşy. Emma muňa garamazdan, ol Eýranyň ruhany ýolbaşçysy we ýurduň baştutany aýatolla Ali Хамeneýä wepaly bolup galýar.
Şeýle hem, reformaçynyň ýeňşinden soň Eýranyň ýaşaýjylarynda ýurduň geljegi barada, garpma-garşylykly pikirleri bar:
"Biz jenap Pezeşkianyň ýeňmegine garaşýardyk. Ykdysady kynçylyklary çözmek üçin, ýurda bilimli prezident gerekdi. Iň soňunda bolup geçen az sanly dalaşgärleriň Pezeşkianyň ýeňmegine mümkinçilik bermegi örän oňatlyk".
"Bolan zatlara men hiç hili duýgudaşlyk bildirmeýärin. Ýagdaý şeýle bir şertde welin, bir adamyň gelmegi häzirki ýagdaýy üýtgedip bilmez. Meniň özüm ses bermäge gatnaşmadym, sebäbi mende Pezeşkianyň ýa-da başga biriniň ýeňmegine hiç bir duýgudaşlyk ýok” diýip, bir aýal aýdýar.
“Men iň gowy kandidatyň ýeňiş gazanandygyna begenýärin. Ol bu wezipä has mynasyp diýip pikir edýärin”.
"Mende hakykatdanam hiç bir raýdaşlyk ýok, sebäbi bu kandidat häzirlikçe diňe gaty ses bilen göreşdi. Gynansagam, olar häkimiýete geleninde, halk üçin hiç zat etmeýärler. Şonuň üçin men bolýan zatlara biperwaý garaýaryn”.
Eýranyň syýasy gurluşynda prezident ikinji adam hasaplanyp, ol iş ýüzünde premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirýär, ýurdy dolandyrmagyň esasy ugry bolsa, ýokary lider tarapyndan kesgitlenýär.
Gündogary öwreniji taryhçy, Yslam dünýäsini öwreniş merkeziniň işgäri Isa Jawadow Eýrandaky prezident saýlawlarynyň netijesiniň häzirki ýagdaýda garaşylmadyk hasaplanmagynyň sebäplerini Nastoýaşeýe Wremýa telekanalyna şeýle düşündirdi.
Ekspertiň aýtmagyna görä, saýlawlaryň garaşylmadyk ýagdaý bolmagynyň aýratynlyklarynyň biri, Eýran hökümetiniň ýokary lideriniň we Konstitusiýanyň Goragçylary geňeşiniň reformaçy kandidatlaryň öňüni almak üçin köp tagalla etmekleridir. Hususan-da, konserwatiw kandidat hökmünde ikinji gezek Said Jalili üçin köp goldaw berildi.
"Emma muňa garamazdan, saýlawlaryň görkezişi ýaly, aýratynam ikinji tapgyrda, saýlawçylaryň protest işjeňliginiň artmagy bolmaly. Görnüşinden, ilki başda olar saýlawlary ret etmegi planlaşdyrdylar. Bu ýerde aýratyn-da milli azlyklaryň pikir-garaýşy belli bir rol oýnady. Masud Pezeşkianyň gelip çykyşynyň hasabyna azeriler we kürtler güýçlerini jemlediler. Edil şonuň ýaly-da, Pezeşkianyň hem debatlar mahalynda dini gadagançylyklaryň gowşamagy barada beren käbir wadalary gowy täsir etdi" diýip, ol aýdýar.
Isa Jawadow munuň belli bir derejede, halk tarapyndan, Eýranyň jemgyýetçilik-syýasy sistemasyny özgertmek isleginiň ýokarydygyny görkezýän protest saýlawy bolandygyna ynanýar.
Ekspertiň sözüne görä, Masud Pezeşkian bolsa owaly bilen aram reformaçy hökmünde, Eýranyň syýasy gurluşynyň çäkliligine düşünýär.
"Ol Ýokary lider aýatolla Hameneýi bilen konserwatorlaryň agdyklyk edýän ýeri Konstitusiýanyň Goragçylary geňeşiniň çäklidigine düşünýär, şonuň ýaly-da, parlamente, ol ýerde-de konserwatorlar agdyklyk edýär. Şeýle hem ol Hasan Ruhanynyň tejribesini örän gowy nazarda tutýar, ol reformaçy bolup, öz wezipesi bilen baglylykda, aýatolla Hameneýi bilen köp gezek dawalaşmaly bolupdy. Şonuň üçinem Pezeşkian has ätiýaçly ugry gowy görýär” diýip, Isa Jawadow hasap edýär.
Gönüden-göni Eýrandaky özgertmeler barada aýdylanda, taryhçy-orientalist şeýle diýýär: ol nähili Ministrler Kabinetiniň tassyk ediljegine bagly, Pezeşkian tarapyndan teklip edilen kandidatlar esasynda, parlament we Hameneýi tarapyndan näçe adamyň kabul ediljekdigine bagly bolar. Edil şonuň ýaly-da, geljekde Eýran parlamentiniň nähili düzüljekdigine esaslanyp, nähili çäreleriň kabul ediljekdigini yzarlap, bir netijä gelip bolar.
"Mysal üçin, milli azlyklaryň ýagdaýyny gowulandyrmak meselesi, Pezeşkian dil hukuklaryny giňeltmek – şol sanda azerbaýjan, kürt, buluç dillerinde okuwlary girizmek barada çykyş edýär. Şonuň ýaly-da, meniň pikirimçe, ol hijap bilen bagly düzgün bozulmalar bilen bagly käbir çäreleriň gözden geçirilmegini öňe sürer. Ýöne ony doly gadagan etmek barada nähilidir çäre bolmaz” diýip, bilermen aýdýar.
“Elbetde, häzir onuň esasy gün tertibi daşarky syýasat; onuň maksady Eýranyň ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek ýa-da ony çaltlandyrmak bolup durýar. Biz onuň nähili derejede üstünlikli boljagyny bilmedik, ýöne meniň çaklaýşyma görä, bu Hameneýi tarapyndan goldanylsa gerek. Ýöne, hawa, ABŞ, şeýle hem Pars aýlagynyň sünni ýurtlary bilen ýakynlaşmak üçin çäreler görler. Ýeri gelende aýtsak, ýurtda adat bolup gelýän sunni-şaýy gapma-garşylyklarynyň käbir çözgüdine hem Eýrana umyt berýär” diýip, Isa Jawadow aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.