Prezident JIÖ 6,3% derejede saklandy diýýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow rus prezident Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde ýene bir gezek ýurduň ykdysady taýdan ösýändigini tekrarlady.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri “kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär”.

Resmi habara görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar.

Türkmenistanda geçirilýän hökümet mejlislerinde, şeýle-de ýurduň parlamentinde, metbugatynda ýurtdaky ykdysady çökgünlik, goly ýuka maşgalalaryň agyr ýagdaýy, şol anda dowamly azyk ýetmezçiligi, işsizligiň hakyky derejesi, aýlyklaryň bazar sebediniň garşysyndaky ujypsyzlygy barada hiç bir mesele gozgalmaýar.

Synçylar türkmen ýolbaşçylarynyň ýurtdaky hakyky ýagdaýy görmezlige salyp, pikirini açyk aýtjak adamlar bilen duşuşman, döwlet eýeçiligindäki metbugat arkaly ýaýradylýan çişirilen görkezijileriň arkasynda rahat galmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

Abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlaryny ygtybarly hasaplamaýar.

Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar