Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türki döwletler guramasynyň 6-njy noýabrda Bişkekde geçirilen sammitinde eden çykyşynda bir-bitewi türk elipbiýiniň tizden-tiz döredilmeginiň ähmiýetini nygtady diýip, Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugy habar berdi.
“Biziň umumy elipbiýimiz biziň geljegi bilelikde gurýandygymyzyň alamaty bolup durýar. Gatnaşyjy ýurtlar mundan beýläk bu elipbiý esasynda zerur bolan geçiş özgertmelerini durmuşa geçirmeli. Türkiye, Azerbaýjan, Demirgazyk Kipr bir-bitewi türk elipbiýine geçmäge taýyn. Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan täze elipbiýe geçmek çärelerini görse, ýerlikli bolar" diýip, türk prezidenti aýtdy.
Mundan öň metbugatda agza döwletleriň uzaga çeken agzalalygy ýeňip, latyn ýazuwyndaky umumy elipbiýiň 34 harpy barada ylalaşyga gelendigi habar berildi.
Umumy elipbiý baradaky çekişmeler 1990-njy ýyllaryň başynda, Sowet Soýuzy darganyndan soň, Türkiýe Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly türki dilli ýurtlar bilen has ýakyn aragatnaşyk gurmaga başlanda başlandy.
Ýöne analitikler merkezi aziýa ýolbaşçylarynyň umumy türk elipbiýine geçmek meselesine "Kreml faktory" sebäpli seresap çemeleşýändigini aýdýarlar.