Prezident Daşoguzda täze elektroenergetika desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Serder Berdimuhamedow. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze elektroenergetika desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sapar bilen baglylykda sebitiň çägindäki käbir iri ýollarda awtoulag hereketi bölekleýin çäklendirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

“Prezidentiň sapary bilen baglylykda, Aşgabat – Daşoguz gara ýolunyň ugry bilen welaýata gelýän awtoulaglar 4-nji iýunda agşam sagat 8:00-den soňra, sebitiň çägine goýberilmedi. Daşoguz şäherinde diňe 2015-nji ýyldan soňra öndürilen ak reňkli awtoulaglaryň hereketine rugsat berildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Şol bir wagtda, ýokary derejeli saparyň öňüsyrasynda şäheriň çäginde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylypdyr.

Prezidentiň uçary çarşenbe güni ir bilen sebitiň halkara howa menziline gondy. Döwlet telewideniýesi aýdym-sazly garşy alyş dabarasyny görkezdi. Biraz soňra, prezident awtoulagda täze elektroenergetika desgalarynyň ýerleşýän ýerine bardy.

Degişli maglumat Garaşylýan sapar ýoly ýapdy, prezidentiň Daşoguzda dikuçar ulanmagyna garaşylmaýar

Döwlet metbugatyna görä, Balkan – Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň gurluşygy ýurduň bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmegi göz öňünde tutýan iri taslamalaryň çäginde durmuşa geçirildi.

Ýurduň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirmegi nazarlaýan taslamanyň ilkinji tapgyry, ýokary woltly Ahal – Balkan asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizilipdir. Bu taslamanyň ikinji tapgyrynda Mary – Ahal asma geçirijisi 2023-nji ýylda ulanylmaga berlipdir.

Daşoguzda gurlan täze elektrik beketlerine Birleşen Ştatlaryň “General Electric”, Fransiýanyň “Shneider Electric” ýaly iri kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Döwlet metbugatyna görä, ýurduň bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamynyň düzümindäki täze elektroenergetika desgalary içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen “ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge” ýardam berer, şeýle-de elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga goşant goşar.

Uzynlygy 571 kilometr bolan asma geçirijiniň ugrunda türkmen gurluşykçylary tarapyndan 1441 sany elektrik sütünleri oturdylypdyr.

Döwlet telewideniýesi prezidentiň demirgazyk sebite amala aşyran saparynyň dowamynda güýje girizilen bölekleýin hereket çäklendirmelerini agzamady.

“Dört sagatlyk myhmana 40 gün öňünden taýýarlyk görüldi” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar prezidentiň sebite amala aşyran saparynyň dowamynda özleriniň iň köp garaşan zadynyň ýollaryň açylmagy bolandygyny aýdýarlar.

“Prezidentiň sebite amala aşyran saparynyň dowamynda welaýat ýaşaýjylarynyň durmuşyny gowulandyrmaga degişli möhüm çözgütler kabul edilmedi. Ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmak barada aýdylýan sözler diňe söz bolmagynda galýar. Daşoguz şäheriniň hem-de Görogly etrabynyň ýaşaýjylary prezidentiň saparynyň dowamynda hereket çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyna, ýollaryň açylmagyna garaşýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar, býujet işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi

Döwlet metbugatyna görä, Serdar Berdimuhamedow saparyň dowamynda demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna 200 sany ýolagçy awtobusyny “sowgat beripdir”.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ýerli ýaşaýjylaryň, awtoulaglaryň hereketi köplenç bölekleýin çäklendirilýär, şeýle-de köçelerde diňe öndürilen ýyly köne bolmadyk ak reňkli awtoulaglaryň hereketine rugsat berilýär.

Ýurduň çäginde täze elektroenergetika desgalary ulanylmaga berilýän mahaly, hususan-da amatsyz howa şertleri ýüze çykan halatynda, ilatyň elektrik üpjünçiliginde ýygy-ýygydan bökdençlikler ýüze ýykýar, elektrik geçirijileri hatardan çykýar. Bu ýagdaý, hususan-da, etraplarda we oba ýerlerinde ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Hökümetçi neşirlere görä, 2013-2020-nji ýyllar aralygynda ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda sekiz sany iri, gazturbinaly elektrik beketleri işe girizilipdir. Ýurduň çäginde jemi 12-den gowrak köne we täze iri elektrik stansiýalary hereket edýär.

Şeýle-de ýerli neşirler ýurduň bir bitewi halkalaýyn elektrik ulgamyny döretmek taslamasyny durmuşa geçirilende Aziýanyň ösüş bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna zerur enjamlaryň satyn alnandygyny aýdýar.

Prezident täze elektroenergetika desgasynyň açylyşyna gatnaşyp, günüň ikinji ýarymynda paýtagt Aşgabada dolandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.