Prezident Berdimuhamedowyň suratlary Aşgabatda nähili düzedilýär we bezelýär

Britaniýanyň şa maşgalasy surata düşürilmegine we fotoşop derdeserine gahar-gazap bildirýän wagtynda, Türkmenistan öz awtoritar ýolbaşçylarynyň ýüzi düzedilen suratlaryny höwes bilen çap edýär.

Londondaky Bukingham köşgünde patyşanyň we onuň maşgalasynyň portretini fotoshop edýäniň saklanan güni, Türkmenistanda 17-nji martda başlanan "bütin ýurtda ählihalk bag ekmek kampaniýasyny” reklama edýän iki surat çap edildi.

Şekilleriň birinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow eli pilli dur. Ondan arkada, adamlaryň bag ekýändigi görünýär. Beýleki surata, ol kakasy, ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda, eli pilli görünýär. Serdar Berdimuhamedow bir ýerden "gyrkylyp", birine ýa-da ikisine "goýlupdyr".

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-nji martda çap edilen suratynda, ýurtda agaç nahallaryny oturtmak tagallalary ündelýär.

Türkmen döwlet mediasynyň 18-nji martda çap eden ýene bir suratynda, Serdar kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Maslahat Köşgüniň alnynda arça oturdýar.

Bu türkmen häkimiýetleriniň ýyllar boýy ulanýan tejribesinden, köp sanly mysallaryň birisi. Olar öz awtoritar ýolbaşçysynyň işlerini bezemek üçin, surat şekillerine düzediş girizýärler.

Aşgabadyň döwlet mediasy boýunça geçirilen derňewler 2022-nji ýylyň martyndan bäri prezident bolan Serdar Berdimuhamedowyň fotosuratlarynda, öňki ýolbaşçyda edilişi ýaly, hile-mekirligiň giňden ulanylýandygyny görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan döwründe, ogly Serdaryň münen atynyň jylawyny tutup dur, 2021-nji ýyl.

Bu surat ilkinji gezek 2021-nji ýylyň iýun aýynda çap edildi. Şol döwürde G. Berdimuhamedow Türkmenistanyñ prezidentidi. Görnüşinden, ol oglunyň ygtyýarlyklaryny we ykrar edilmegini artdyrmaga çalyşýana meňzeýär. Netijede, oňa uly wezipäni tabşyrdy.

Suratda olaryň ýüzündäki ýagtylygyň başgaçadygy bildirýär. Suratyň üstünde "işlenendigini" atyň toýnagynyň arkasynda, kölegäniň az-kem kesik bolmagy-da aýdyp dur. Megerem, at surata "girizilen" bolmaly.

At toýnagynyň arkasyndaky kölegede kiçiräk boşluk bar. Bu emel edilendiginiň subutnamasydyr.

Chatham House analitik merkeziniň barlagçysy we Merkezi Aziýa boýunça ekspert Keýt Mallinson Aşgabat metbugatynda Photoshop usulynyň giňden ulanylmagynyň Sowet döwrüniň mirasydygyny, şol döwürde suratlaryň retuş, ýagny tuş bilen mydama düzedilendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Türkmenistanda ýagdaýy bezemek islegi hökümet edaralarynda höküm sürýän gorky howasy sebäpli has-da güýçlüdir.

«Damokl gylyjy öz işjeňligini görkezmek isleýän islendik çinownigiň depesinden asylyp durandyr. Güýçli Photoshop edilen suratlar döwlet işgäriniň seresaplydygyny, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň gazabyndan gorkýandygyny görkezýär» diýip, Mallinson düşündirýär.

Beýle şertlerde işgär diňe öz borjuny berjaý edýär, onuň hötjetlik etmäge eli barmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň oktýabrynda, Aşgabatdaky hatyra çäresinde

2020-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen bu suratda, prezident G. Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hatyrasyna geçirilen çärede surata düşürilipdir. Suratyň sag tarapyndaky ýokary galdyrylan baýdaklar ýeliň ugruna galgaýar. Şol bir wagtda, harbylaryň elindäki baýdaklar parahat dur.

Serdar Berdimuhamedowyň düzedilen suraty

2023-nji ýylyň aprel aýynda, döwlet mediasy tarapyndan çap edilen häzirki prezidentiniň fotosuratynda, Serdar Berdimuhamedow at baýramçylyk dabarasynyň açylyşynda, toý bezegli bedewi tutup dur.

Bezeg şaýlary

Suratda atyň aýaklarynyň şekiliniň düzedilen alamatlaryny görmek bolýar. Atyň sag tarapyndaky nagyşly gaýyş tebigy görünýär, çep tarapdaky gaýyş bolsa bulaşyk hem tertipsiz. Çep tarapdaky bezegli gaýyşy göterýän halka hem üzük. Megerem, at başga bir suratdan "alnan" bolmaly. Suraty bejeren adamyň atyň aýaklarynyň arasyndaky giňişlige bezegli gaýyşy geçirmek kyn bolandyr.

Prezident Berdimuhamedowyň 7-nji martda çap edilen suraty. Prezidentiň arkasyndaky Türkmenistanyň Döwlet nyşany aýdyň görünýär, onuň töweregindäki nagyşlar endigan däl.

Belki-de has garym-gatym zat, arkasyndaky Döwlet nyşany çekilen halynyň gölleri we stoluň başynda oturan Berdimuhamedowyň photoshopped PR suratydyr. Şol bir mazmun birnäçe üýtgemelerde gaýtalanýar, bu şeýle meňzeş welin, onlaýn surat barlagy olary birmeňzeş diýip ýalňyşýar.

Bu surat 19-njy ýanwarda çap edildi. Prezidentiň ýüz keşbi dürli suratda tapawutlanýar. Sag tarapdaky kalendar, çep tarapdaky kagyzlaryň durky, arka tarapynda baýdaklar ýokardaky suratdan biraz tapawutlanýar.

Türkmen prezidenti käbir şekillerde ak stoluň başynda oturýar, köplenjem ýalpyldawuk agaç reňkli stoluň başynda.

Kagyzlaryň toplumy ýa-da kitapçalar we onuň elini goýşy dürli-dürli bolýar. Bu bolsa ýaş Berdimuhamedowyň şol bir stoluň başynda, onlarça gezek surata düşýändigini ýa-da başga-da biriniň surat alýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, surat işlemek programmasynyň kömegi bilen prezidentiň ýüzi suratlara aşa köp girizilýär.

Prezident Berdimuhamedowyň (sagda) Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen Gazanda geçiren duşuşygy, Russiýa.

2022-nji ýylyň aprelinde, garaşsyz "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri täze prezident bolan Berdimuhamedowyň Russiýanyň düzümindäki Tatarystan respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşygyň wideoýazgylaryny çap etdi. Tatarystanyň administrasiýasy tarapyndan çap edilen suratda, türkmen lideriniň ýüzünde oňaýsyz alamat görünýär.

Şol bir el gysyşmak pursadynyň türkmen döwlet metbugatyndaky görnüşi

Türkmen döwlet metbugatyndaky suratynda, Berdimuhamedow asla oňaýsyz görünmeýär. Türkmen görnüşinde, çep tarapda, diwardaky elektrik rozetkasy hem suratdan aýrylypdyr.

Bu iki dürli bir surat Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylyň martyndaky dabara gatnaşanda düşürildi. Çep tarapdaky metbugatda çap edildi. Beýlekisi Tokaýew administrasiýasy tarapyndan goýuldy.

2019-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat gullugynyň suratlary düýpli özgerdýändigi barada, makala çap etdi.

Dünýäniň fotosuratlary boýamak işlerinde öňdebaryjy hünärmenleriniň biri Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşende, Tokaýewiň suratlarynda, “onuň ýüzüniň hamyny dogurlamak” üçin, Photoshop programmasyndaky "Ýuwujy" süzgüjini ulanýandyklaryny aýtdy.

«Eger ýüzüne ünsli seretseň, onuň endigan däldigine göz ýetirersiňiz. Käbir böleklerde jpeg yzlary bar, beýleki bölekleri tekizdir. Men munuň üstünde her gün işleýärin. Görşümiz ýaly, ol bu ýerde anyk sazlaşykly hereket edýär» diýip, ekspert düşündirýär.

Netijede, Akorda şekilleriň işlenişini ýeňilleşdirýär.