Polşanyň prezidenti Andrzej Duda 21-nji sentýabrda ýurduň premýer-ministriniň Ukrainany mundan beýläk ýaraglandyrmazlyk barada aýdan sözleriniň nädogry kabul edilendigini aýtdy.
Premýer-ministr Mateusz Morawieski biraz öň "Biz indi Ukraina ýarag geçirmeýäris, sebäbi biz indi Polşany has döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrýarys" diýipdi.
"Meniň pikirimçe, premýer-ministr biziň Polşanyň öz goşunyny döwrebaplaşdyrýan wagtymyzda, häzir satyn alýan täze ýaraglarymyzy Ukraina geçirmejekdigimizi aýtdy. Aýdaly, biz ABŞ-dan we Günorta Koreýadan täze ýaraglary alanymyzda, Polşanyň goşunynyň häzirki wagtda ulanýan ýaraglaryny ulanyşdan aýrarys. Belki, biz olary Ukraina geçireris" diýip, Polşanyň prezidenti Duda aýtdy.