Polşadan çykarylan täjik aktiwisti 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Polşadan Täjigistana deportasiýa edilen oppozisiýa aktiwisti Farruh Ikromow 23 ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, Ozodi radiosy, Azatlyk radiosynyň täjik gullugy habar berdi.

Täjigistandaky syýasy zamunlary we bendileri halas etmek baradaky raýat komitetiniň başlygy Abdusattor Boboýew Ikromowyň geçen aý Duşenbe şäherindäki deslapky tussaghanadan türmä geçirilendigini aýtdy.

Düýbi Polşada ýerleşýän komitetiň başlygynyň aýdanlaryny Ýewropada ýaşaýan raýat aktiwisi Saidiskok Boboýew hem tassyklady.

Onuň Ozodi radiosyna aýtmagyna görä, “golaýda täjik türmesinden boşadylan adam” aktiwisti deslapky tussaghanada we türmä ugradylan wagtynda görüpdir.

Ikromow ondan garyndaşlaryna 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtmagy sorapdyr.