Region görnüşleri # 45

Paradise, Kaliforniýa, asmany gaplan tüssäniň aşagynda galan jaýlar. Kaliforniýanyň taryhyndaky iň gazaply ýangyn netijesinde şäheriň içinde we töwereginde dokuz adam öli tapyldy, 6700-den gowrak  jaý we kärhana weýran boldy. (AFP/Josh Edelson)

Hindistan, Haýdarabat. Banan ýapraklarynyň bazarynda mobil telefonlaryna seredip oturan täjirler. Adamlar Diwali baýramy (Hindistanyň ýagtylyklar festiwaly) mahalynda jaýlarynyň we kärhanalarynyň girelgelerini banan ýaplraklary bilen bezeýärler. (AFP/Noah Seelam)

Toronto tarapa ugran "Fly Jamaica" uçarynyň Jorjtowndaky Çeddi Jagan halkara aeroportunda  heläkçilikli gonuş pursaty.  Guýana, 9-njy noýabr.  (AFP/Denis Chabrol)

Günorta Gaza zolagynda, Ysraýyl bilen Han Ýunusyň araçäginde bolan çaknyşyk mahalynda gaçýan palestinalylar. 9-njy noýabr. (AFP/Said Khatib)

New-Deli, 8-nji noýabrda bellenen Diwali festiwalyndan soň, Hindi derwezesini süpüren jemagat işgäri gyzy bilen ýola düşýär.  (AP/Manish Swarup)

Ak tamyň işgäri 6-njy noýabrdaky ara-möhlet saýlawlrdan soň guralan metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa anyk sorag beren CNN žurnalistim Jim Akostanyň elindäki mikrofony aljak bolýar. Tramp Akostany "gödek, eýmenç adam"  diýip atlandyrdy. Bu waka sebäpli  Akostanyň Ak tama barmak ygtyýarlygy ýatyryldy. (Reuters/Jonathan Ernst)

Hindi dindarlary Tihar festiwalynda sygra çokunýarlar. Kathmandu, Nepal. (AP/Niranjan Shrestha)

II Jahan urşy döwründäki Gyzyl goşunyň esgerleriniň uniformalaryny geýen esgerler aýnasyna merhemetli Bazil ybadathanasynyň şekili düşen maşynyň nowasynda otyrlar. Moskwa, Gyzyl meýdan. (AP/Alexander Zemlianichenko)

Gýüz gününde demirgazyk Germaniýadaky Kukshawen tokaýynda itlerini gezdirýän adam.  (AFP/Patrik Stollarz)​

Belarusyň kommunist partiýasynyň agzalary sowet liderleriniň portretlerini göterip, Minskiniň Garaşsyzlyk meýdançasynda 1917-nji ýylda bolan "Beýik Oktýabr Sosialistk Rewolýusiýasy" diýilýäniň 101 ýyllygyny belleýärler. (Uladz Hrydzin)

Rus hormat garawuly Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda 7-nji noýabrda guralan harby paradda ýöriş edýär.  (AFP/Mladen Antonov)

Salgyt kanunçylygyna düzediş girizmegi maksat edinýän parlament komitetiniň binasynyň ýanyndaky çärelere gatnaşýan aktiwist dynç alýar. Kiýew, 6-njy noýabr. (Reuters/Gleb Garanich)

Owgan jemagat hojalygy işgäri Kabulda bag suwarýar.  (Reuters/Mohammad Ismail)

Gadymdan gelýän toýun lampalaryny satýan hindi erkegi öküz arabasy bilen gurlup gutarylmadyk ýoldan, duman içinde menzil aşýar.  Noida, Nýu-Deliniň golaýy. (AP/R.S. Lyer)

Taryhy harby lybaslary geýen rus esgerleri sowet esgerleriniň 1941-nji ýylda II Jahan urşunyň frontlaryna ugramagynyň ýyl dönümine gabat guraljak harby parada gatnaşmak üçin taýýarlyk görýärler. (Reuters/Maxim Shemetov)

Esger lybasyndaky aktýor fransuz prezidenti Emmanuel Makron I Jahan urşunyň soňlanmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gelmegine garaşýar.  Morhange, gündogar Fransiýa.(AP/Francois Mori)

I Jahan urşunyň soňlanmagyny ýatlamak üçin emeli ýüpekden ýasalan 3,200 sany ägirt uly göknar gülleriniň ýanyndan geçip barýan aýal.  Koenigsplatz meýdany, Mýunhen, Germaniýa. (epa-EFE/Lennart Preiss)

4-nji noýabr. Praga Milinde taryhy eşikleri geýip, däp bolan tigirli ýörişe gatnaşyjylar. (epa-EFE/Martin Divisek)