Region görnüşleri #43

25-nji oktýabrda Kisumide bolan demonstrasiýanyň dowamynda eline daş alyp duran oglan, Keniýanyň prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda. (AFP/Ýasuýoşi Çiba)

Damaskyň eteginde, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki gündogar Ghouta giňişliginde öz öýlerinden göçürlen adamlar üçin niýetlenen Aşari lagerinde siriýaly çagalar bir-birini ulanylan raketanyň üstüne mündürip oýnaýarlar. (AFP/Amer Almohibany)

Kiýewiň merkezinde dilegçilik edýän adam, Ukraina. (Reuters/Gleb Garaniç)

Orsýetli sosial aktiwist Kseniýa Sobçak 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna özüniň dalaşgär hökmünde gatnaşmak niýetini yglan etmeginden soň geçiren ilkinji metbugat-konferensiýasynda. (Reuters/Maksim Şemetow)

Hindistanly düýe söwdegäri demirgazyk-günbatar Rajastan ştatynyň Puşkar şäherinde ýylda geçirilýän bazara barýar. (AP/Deepak Şarma)

Göçýän uly ak pelikanlar dynç alyşda, olar Ysraýylyň Oba hojalyk ministrliginiň maliýe goldawy bilen Mishmar Haşaronda amala aşyrylýan proýektiň çäginde iýmitlendirilýär. (Reuters/Ronen Zwulun)

Irbil şäheriniň merkezinde suw çilimini çekýän kürtler, Yrak. (AP/Felipe Dana)

24-nji oktýabrda Moskwada geçirilen moda dabarasynda özüni surata düşürýän gyz. (TASS/Stanislaw Krasilnikow)

Hytaýyň Kommunist partiýasynyň 19-njy kongressiniň 24-nji oktýabrda Pekinde geçirilen ýapylyş dabarasynda stýuardessalar öz papaklaryny howa zyňyp çykyş edýärler. (epa-EFE/Roman Pilpey)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 24-nji oktýabrda Waşingtonda Senatyň köpçüliginiň lideri Mitç MakKonnell bilen duşuşan wagtynda protestçiler "Tramp" ýazgyly kiçijik rus baýdaklaryny zyňdylar. (Reuters/Joşua Roberts)

Orsýetli prawoslaw dinçiler Rus imperiýasynyň soňky patyşasy Nikolaý Ikinjiniň portretini tutup, Mariinskiý Teatryň öňüne jemlendiler we režissýor Alekseý Uçiteliň "Matilda" atly kartinasyna protest bildirdiler, Sankt Peterburg, 23-nji oktýabr, 2017. (TASS/Aleksandr Demiançuk)

Eýranly kürtleriň "Peşmerga" guramasynyň, "Eýranyň Kürdüstan demokratik partiýasynyň" (KDP-Iran) agzalary 22-nji oktýabrda Irbilden gündogar tarapda 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Koýada geçirilen adaty harby türgenleşige gatnaşdylar. (AFP/Safin Hamed)

22-nji oktýabrda Kiýewiň merkezinde oppozisiýanyň tarapdarlarynyň parlament binasynyň öňünde geçiren demonstrasiýasynyň dowamynda protestçiler Ukrainanyň köçe polisiýasy bilen çaknyşdylar. (AFP/Sergeý Supinsky)

Gaz ideýän adam, Minskden demirgazyk-günbatar tarapda 100 çemesi kilometr uzaklykda ýerleşýän Krewo obasy. (AFP/Sergeý Gapon)

Sankt Peterburg şäherinde geçirilen harby dabaranyň çägindäki ýarag sergisinde ok ýaragyny synaýan gyz çaga. (AP/Dmitriý Lowetsky)