Region görnüşleri #29

Sil basan gowakda gabalyp, 18 günläp diňe suwa oturan futbol komandasynyň 12 agzasy metbugat ýygnagy wagtynda. Çiang Rai, Taýland. (Reuters/Soe Zeya Tun)

Barha goýalýan bulutlaryň astynda Gang derýasyndan syýahatçylary geçirýän hindi gämiçisi. Kolkata. (AFP/Dibyangshu Sarkar)

Liwiýanyň kenarlarynda gämileri çöken migrant zenany halas edýän ispan aktiwistleri. (AFP/Pau Barrena)

Başa barmadyk döwlet agdarylyşygynyň ikinji ýyl dönümini bellemek üçin Stambuldaky  Şehitler köprüsine toplanan adamlar.  (AFP/Bulent Kilic)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşýar. Helsinki, 16-njy iýul. (Lehtikuva via Reuters/Heikki Saukkomaa)

Kenara çykarylmagyna garaşýan migrantlar. Pozzallo, Sisili, 16-njy iýul. (EPA-EFE/Francesco Ruta)

Pariž. Arc de Triomphe binasynyň üstünden alnan suratda adamlaryň Fransiýanyň komandasynyň Dünýä futbol çempionatynda Horwatiýa garşy oýunda üstün çykyşyny belleýişleri görünýär.  (AFP/Ludovic Marin)

Siriýalylar öz ýarym ýumrulan öýlerinde Dünýä futbol çempionatynda Fransiýa bilen Horwatiýanyň oýnuna tomaşa edýärler.  Ain Terma, gündogar Ghouta, Damaskyň etegi. (AP/Hassan Ammar)

Fransuz janköýerleri Orsýetde geçen dünýä futbol çempionatynda Fransiýa bilen Horwatiýanyň komandalarynyň bäsleşigine tomaşa edýärler. Pariž,  15-nji iýul. (AFP/Jacques Demarthon)

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron (merkezde) Fransiýa bilen Horwatiýanyň arasynda bolan dünýä futbol ýaryşyna reaksiýa bildirýär. Moskwa, 15-nji iýul.  (EPA-EFE/Akelsei Nikolsky)