Pezeşkiýan Tähranyň ýadro gapma-garşylygyny tamamlamaga taýýardygyny aýdýar

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan BMG-niň Baş assambleýasynda çykyş edýär. 24-nji sentýabr

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda öz ýurdunyň Günbatar bilen ýadro meseleleri boýunça gapma-garşylygy tamamlamaga taýýardygyny aýtdy, şeýle-de Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky uruşlary dialogyň üsti bilen çözmäge çagyrdy.

Pezeşkiýan mundan öň Tähranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny täzeden başlatmak boýunça Birleşen Ştatlar bilen gepleşiklere başlamaga açyk boljakdygyny hem belläpdi.

Pezeşkiýan iýulda Eýranyň prezidentligine kasam getirdi. Ol öňki prezident Ebrahim Rasiniň dikuçar heläkçiliginde ýogalmagyndan soň geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanypdy.