Pezeşkian Eýranyň täze prezidenti hökmünde öňümizdäki aý kasam getirer

69 ýaşly Masud Pezeşkian 5-nji iýulda geçirilen saýlawlarda aşa-konserwatiw dalaşgär Said Jaliliden üstün çykdy.

Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň ýeňijisi, aram reformaçy Masud Pezeşkian öňümizdäki aýyň başynda täze wezipä kasam getirer. Bu barada ýerli media kanunçykaryjylara salgylanyp habar berýär.

69 ýaşly Pezeşkian 5-nji iýulda geçirilen saýlawlarda aşa-konserwatiw dalaşgär Said Jaliliden üstün çykdy. Içeri işler ministrligiň beren soňky sanlaryna görä, Pezeşkian sesleriň 53.7%-ni, Jalili hem 44.3%-ni almagy başarypdyr. Saýlawlara gatnaşyk 49.8% bolupdyr.

Ilki bilen, Pezeşkianyň ýeňişini ýurtda uly häkimiýete eýe ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýi, “tanfiz” diýlip bilinýän çärede tassyklamaly bolar.

Mundan soň, “4-5-nji awgustda prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy geçiriler” diýip, 7-nji iýulda döwletiň eýeçiligindäki IRNA habarlar gullugy mälim etdi.

Pezeşkian 2008-nji ýyldan bäri parlamentiň agzasydyr. Ol 2016-2020-nji ýyllar aralygynda, haçanda kanunçykaryjy organda aram we reformaçy deputatlar agdyklyk edende, spikeriň birinji orunbasary wezipesinde hem işläpdi.