Mör-möjekler ýene-de paýtagtyň ýaşaýjylaryny bimaza edýär. Aşgabatda sarygarynja ýaýraýar. Azatlygyň habarçylary paýtagtdaky etraplaryň birinde tizlik bilen ýaýraýan mör-möjekleriň döredýän kynçylyklary barada maglumat berýärler.
Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak, Herikgala we Ruhabat ýaşaýyş jaý toplumlarynda bir gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň aladasy artýar. Jaýyň bölekleri, şol sanda üçekleri tagtadan gurlan binalarda sarygarynja köpelip, öýleriň ýumrulmak howpuny artdyrýar.
"Sarygarynja jaýlaryn tagtasyny içinden iýip, çüýredip, üçeginiň çökmegine sebäp bolýar. Sarygarynja garşy ulanylýan himiki serişdeleriň haýry bolman, maddy ýagdaýy ganymat we mümkinçiligi bar hojalyklar jaýlarynyň üçegini söküp, tagta böleklerini aýyrýarlar we deregine demir turbalary, demir burçlary we beýleki demir gurluşyk enjamlaryny ulanyp, täzeden gurmaly bolýarlar" diýip, paýtagtdaky habarçymyz 17-nji iýunda habar berdi.
Degişli maglumat Ýolöten etrabyna sarygarynja ýaýraýarAşgabadyň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, öýlerini täzelemek hemmä elýeterli däl. Eli ýuka maşgalalar üçeginiň çökmek howpunyň artýandygyny aýdyp, aladalanýarlar.
"Üçegini täzelemäge ýagdaýy bolmadyk hojalyklarda sarygarynja üçegi saklaýan tagtanyň içini köwüp, üçegiň çökmegine getirýär. Şol sebäpden eli ýuka hojalyklar üçegi ýere gaçmaz ýaly pürslerden we kerpiçlerden direg gurup, üçegi saklamak üçin wagtlaýyn hem bolsa çözgüt tapmaga synanyşýarlar" diýip, aşgabatly gürrüň berdi.
Sarygarynja tiz ýaýraýan zyýankeş mör-möjek hasaplanýar. Agaçy zaýalaýan sarygarynjalar dünýä tejribesinde halk hojalygyna ýylda milliardlarça dollarlyk zyýan ýetirýär. Sarygarynja basan binalara ýetýän zyýan birnäçe wagtlap daşyndan göze ilmeýär we soňra birden ýumrulýar.
Ýurtda mör-möjekleriň aşa köpelip, ilatyň durmuşyna täsir ýetirýän ýagdaýlarynyň birnäçesi barada öň hem habar berlipdi.
Mary welaýatynyň dürli ýaşaýyş nokatlarynda sarygarynjanyň birden köpelip, ýaşaýjylaryň durmuşyna uly zyýan ýetirýändigi barada geçen ýylyň tomsundan bäri habar berilýär.
Geçen ýylyň awgust aýynda Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginde sarygarynja köpsanly hojalyklaryň howly jaýlaryny basdy. Ýerli ýaşaýjylar şonda garynja howpuna garşy özleriniň çäresiz, häkimiýetlerden ýardam bermek barada edýän haýyşlarynyň bolsa, jogapsyz galýandygyny aýdyp, mör-möjege garşy öz güýji bilen göreşmeli boldular. Ýerli ýaşaýjylar dizel ýangyjy bilen ýuwmak ýaly peýdasy tassyklanmadyk çäreleri geçirýär.
Momataý geňeşliginiň ýaşaýjylary sarygarynjalaryň obanyň çäginde üç-dört ýyl mundan ozal peýda bolup başlandygyny we garynja basan jaýlaryň iki ýylyň içinde zaýalanyp, ýumrulmak halyna ýetýändigini gürrüň berdiler.
Güýz aýlarynda sary garynjanyň Ýolöten etrabynyň başga ýerlerinde-de tiz ýaýraýandygy mälim boldy.
Degişli maglumat Maryly ýaşaýjylar gemrijileriň köpelmegine, alakalaryň ýaýramagyna garşy goragsyz galýarAzatlyk Radiosynyň habarçylary, sarygarynjalaryň diňe bir ýaşaýyş jaýlaryna däl, eýsem döwlet edaralaryna, şol sanda mekdeplere-de ornaşmagy zerarly binalaryň gapylarynyň we penjireleriniň weýran bolandygyny habar beripdi.
Türkmenistanda sarygarynjadan başga-da mör-möjekleriň dürli görnüşleri wagtal-wagtal ýaýraýar. Mundan öň büre, tagtabit we çekirtge ýaly möjekleriň aşa ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykypdy.
Şu wagt Merkezi Aziýa regionynda çekirtge görlüp-eşidilmedik derejede köpledi. Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda çekirtge howpuna garşy duýduryşlaryň berilýän wagtynda Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri hem çekirtge çozuşyna taýýarlanýar. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň başlangyjy bilen ýurduň ähli welaýatlarynda çekirtge çozuşlaryna taýýarlyk çärelerine bagyşlanyp, gyssagly ýygnaklar geçirilipdir.
Türkmen habar beriş serişdelerinde çekirtge we sarygarynja ýaly mör-möjekleriň çozmagy barada düýpden habar berilmedi. Bu meseläni türkmen resmileri hem açyk agzamady.
Degişli maglumat Jaýlaryny 'sarygarynja alan' raýatlar döwletden gyssagly kömek isleýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.