Pariždäki Notre Dame ybadathanasy dikeldilip, gaýtadan açyldy

FRANCE-NOTREDAME/

7-nji dekabrda Parižde dünýäniň iň meşhur binalarynyň biriniň, uly ýangyndan soň abatlanan Notre Dame de Paris (Biziň Pariždäki hanymyz) ybadathanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ybadathana 2019-njy ýylda turan weýrançylykly ýangyna sezewar boldy, onuň gaýtadan gurluşy bäş ýyl wagt aldy.

Dabara 50 döwletiň baştutany çagyryldy. Myhmanlaryň arasynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski, Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwili dagy hem bar.

Dabarada Parižiň arhiýepiskopy Loran Hulriç ybadathananyň hemme isleg bildirýänlere açylmagy üçin hasasyny gapa üç gezek urdy. Hulriş, ýepiskoplar we kardinallar dabaraly ýagdaýda ybadathana girdiler.

Prezident Makron dabaranyň dowamynda eden çykyşynda fransuz halkyna, "Notre-Dame de Parisi halas eden, kömek eden we dikelden" adamlara, " ybadathananyň yzyna, katoliklere, Pariže, Fransiýa we bütin dünýä gaýtarylyp berilmegi mynasybetli guralan çärä gatnaşýanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi” BFM teleýaýlymy habar berdi.