Pançşanbe — Täjigistandaky iň uly bazar we Merkezi Aziýadaky iň iri bazarlaryň biri. Onuň taryhy gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Häzir bolsa ol dünýäniň dürli künjeginden müňlerçe syýahatçynyň ünsüni özüne çekýär. Ol Täjigistandaky ikinji uly şäher bolan Hojandyň esasy özüne çekiji merkezi hasaplanýar. Bazar Syrderýa bilen aýrylmaz baglanyşykly: bu ýerde satylýan zatlaryň barysy şu derýanyň suwundan ýetişdirilen hasyl.
Syrderýa Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolup, ol dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy, onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýanyň problemalaryny öwrenýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, päsgelçilikleri çözmegiň ýollaryny agtardy.
Pançşanbe bazary – Hojant şäheriniň esasy aýratynlygy, myhmanlaryň halaýan ýeri hem taryhy merjeni. Bir wagtlar bütin şäher durmuşy bu ýer bilen baglanyşykly bolupdyr: bazarda duşuşypdyrlar, gündelik geregine, toý-baýramyna bu ýerden azyk önümlerini alypdyrlar, dünýä habaryny bazardan eşidipdirler.
Ir zamanda Syrderýa bazaryñ gapdalyndan akypdyr diýýärler, ýöne soňky asyrlarda derýa öz ugruny üýtgedip, häzir bu ýerden belli bir uzaklykdan akýar.
Hojant Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri, onuň taryhy 2,5 müň ýyldan gowrakdyr. Ol Syrderýanyň ýakasynda ýerleşensoň, gadymyýetde onuň üstünden Kokant - Buhara aralygyndaky söwda ýoly geçipdir, bu şäherde hem söwda ösüpdir.
Täjik dilindäki "pançşanbe", ýagny penşenbe hepdäniň dördünji güni diýmekdir. Hut penşenbe güni ol ýerde uly bazar bolupdyr. Täjigistanyň paýtagty Duşanbe, ýagny duşenbe hem şol bir ýörelge boýunça atlandyrylýar: ol ýerde hepdäniň birinji güni uly bazar bolar eken. Hojantda ýene birnäçe bazar hepdäniň günleri bilen: Çorşanbe, Şanbe, Ýakşanbe atlandyrylýar.
Bazar pawilony golaýda – 1964-nji ýylda peýda bolup, şol döwürde ol Merkezi Aziýanyň iň uly ýapyk bazarydy. Ýöne köne bazaryň durkundan hiç zat galmandyr.
Bazarda diňe bir ýerli satyjylar däl, eýsem Özbegistanyň raýatlary-da söwda edýär. Serhet çaknyşyklary bolmazdan öň, Gyrgyzystandan gelen daýhanlar hem öz harytlaryny bu ýerde satýan ekeni.
Pançşanbe bazarynyň golaýynda ýene bir söwda merkezi bolup, oňa Owgan bazary diýilýär. Talyplar häkimiýeti eýelemezden öň, ol ýerde Owganystandan gelen etniki täjikler söwda edýärdi.
Bazaryñ ösmegine Şeýh Mülihuddin mawzoleýi bilen goñşuçylyk köp täsir edipdir diýýärler. XII asyrda ýaşap geçen Hojandyň hökümdary we şahyr şu ýerde ýaşapdyr. Mazaryň öňündäki meýdançada metjit bar.
Şeýh Mülihiddin owal Hojandyň golaýyndaky Unji obasynda jaýlanypdyr, soňra jesediň galyndylaryny şähere geçirip, mazaryň üstüne hem aramgäh gurupdyrlar. Ol birnäçe gezek ýumrulyp, häzirki görnüşi XVI asyrda peýda bolupdyr.
Ol binagärlik toplumy bolup, onuň düzüminde jemagat metjidi hem 20 metrlik belent minara bar. Mawzoleýiň öňündäki meýdança hemişe syýahatçydan we surata düşýänlerden dolýar. Şeýle hem bu ýere kepderiler gelýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu guşlar başga şäher meýdançalarynda ýok diýen ýaly.
Tomus aýlarynda Pançşanbe bazary gije-gündiz işleýär. Sebitiň çar künjeginden gelen daýhanlar bazaryň öňündäki meýdançada harytlaryny lomaý bahadan satýarlar. Toplumy bilen edilýän söwda ertire çenli dowam edýär.
Meýdançada daýhanlar üçin palaw taýýarlanylýar. Bu Pançşanbe bazarynyň alnynda agşamdan soň palaw iýip bolaýjak ýeke-täk ýerdir.
– Adatça, agşamlyga palaw bişirilmeýär, ýöne daýhanlar bütin gününi ýerde işlänsoňlar, gijeki söwdadan öňinçä olara güýç-kuwwat gerek – diýip, Samad atly aşpez aýdýar. – Palaw üçin bar zat şu ýerde önýär. Iň gowy tüwi Syrderýanyň kenarynda, Täjik deňziniň golaýynda biten şalydan önýär.
Samad Pançşanbe bazarynda maşgalasy bilen 30 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. Olar palaw hem somsa bişirýärler.
Daýhanlaryň gök önümlerini köplenç bazar söwdagärleri topy bilen satyn alýarlar-da, gündiz ony bölekläp satuwa çykarýarlar.
Gülbahar şeýle söwdagärleriň biri. Ol gürleşmäge razylaşdy, ýöne surata düşürilmezligini haýyş etdi.
– Bazarda eýýäm 15 ýyl bäri işleýärin – diýip, Gülbahar aýdýar. – Alan hünärim boýunça men mugallyma, ýöne bu ýerde köp gazanýan. Her agşam bu ýerden haltalap kartoşkadyr käşir satyn alyp, ertesi bolsa ýapyk bazarda satýaryn. Girdeji 30 göterim çemesinde bolýar.
Aýt-baýramçylyk gününde bu meýdan namaz okalýan ýere öwrülýär. Gurban baýramynda metjidiň öňündäki meýdançada birnäçe müň adam namaza durýar.
Baýramçylyk namazyndan soň, täze bişen çörekleri, miweleri we süýji-kökeleri satýanlar meýdança dolýarlar.
Kebabyň ysy, tamdyrda bişýän somsalar Pançşanbe bazarynyň ýokarsynda ýakymly ysly buludy emele getirýär.
Ýöne islendik Aziýa bazarynyň esasy özüne çekijisi köçeleriň ugrunda taýýarlanýan iýmitler hasaplanýar. Hojantly kärdeşim Farzon meni iň uly we tagamly tamdyr somsasy bişirilýän ýere alyp bardy. Ol bu ýere ilkinji gezek gelen her bir adam şu somsany dadyp görmeli diýdi.
Uly tamdyr ojakda iki adam işleýär: somsalary tamdyra ýapýarlar, bişenlerini saýlap mejimäniň üstüne alýarlar hem tamdyryň gyzgynlygyna gözegçilik edýärler. Tamdyryň gyzgyny hamyny ýakmaz ýaly, ýüzüne galyň mata örten adam Sowet Soýuzy döwründe Orsýetiň Swerdlowsk şäherinde (häzir ol Ýekaterinburg) gulluk edendigini aýtdy.
Ol golaý wagta çenli Russiýa gidip işläpdir. Indi bolsa zähmet migrantlaryna ol ýerde ýaşamagyň gitdigiçe kynlaşýandygyny: polisiýa işgärleriniň yzygiderli barlaglarynyň örän irizýändigini, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ksenofobiýanyň artýandygyny gürrüň berdi. Häzir ol Hojantda somsa bişirýär.
Bilýänleriň aýtmagyna görä, somsa mümkin boldugyndan tamdyrda uzak wagtlap saklansa, şonça gowy bolýar, şonda guzy eti sogan we ýakymly otlar bilen garylyp, şireli bişýär.
Biz bazardan çykdyk, gykylyk sesleri, ýakymly yslar we owadan haryt tekjeleri yzda galdy. Agşamky alyjylar eýýäm meýdança ýygnanyp başladylar. Pançşanbede durmuş öz akymy bilen dowam edýär. Golaýda bir ýerde Syrderýa hem halklary, ýerleri we döwürleri baglanyşdyryp akýar.