Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde polisiýa edarasynyň içinde bolan partlamada azyndan 15 ofiser ýaralandy, ikisi juda agyr ýagdaýda bolmagynda galýar.
26-njy sentýabrda giçlik Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň Swabi etrabynyň polisiýa edarasynyň ýarag ammarynda partlama boldy diýip, bir ofiser Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Emma wakanyň bolan ýerindäki başga bir ofiser, ýaralananlaryň sanynyň 30-a golaýdygyny aýtdy.
Bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
Sebitde yslamçy jeňçileriň hüjümleri ýaýbaňlanýar.