Pakistanyň demirgazygyndaky hüjümde 22 adam öldi, onlarçasy ýaralandy

Jeňçiler Daraband şäherindäki polisiýa edarasyna hüjüm etdi. 12-nji dekabr

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky polisiýa binasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň özüni ulagda partlatmagy netijesinde 22 howpsuzlyk işgäri heläk boldy, başga-da 34-si ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýär.

Hadysa Owganystan bilen serhetleşýän Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň Dera Ismal Han sebitiniň Daraband şäherinde ýüze çykdy.

Şäheriň polisiýa başlygy Zişan Ikbalyň Azatlyga aýtmagyna görä, hüjümçiler ýaraglardan hem ot açypdyrlar.

Ol ok atyşykda üç hüjümçiniň öldürilendigini hem sözüne goşdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Tehrik-e-Jihad Pakistan” topary öz üstüne aldy. Soňky döwür bu topar sebitde ençeme hüjümi amala aşyrdy.