Pakistanda etniki buluç azlyklarynyň hak-hukuklary ugrunda iş alyp barýan öňdebaryjy aktiwist Mahrang Baloç, ABŞ-daky çärä gatnaşmak üçin ýurtdan çykjak bolanda, uçara goýberilmedi. Ol bu barada 8-nji oktýabrda mälim etdi.
“Men Karaçi Halkara aeroportunda adalatsyz ýagdaýda, hiç hili kanuny düşündiriş berilmezden saklandym. Bu meniň hereket azatlygy baradaky esasy haklarymyň açyk bozulmagy boldy” diýip, ol X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.
Ol munuň bilen “buluçlaryň sesleriniň halkara derejede eşidilmegine päsgel bolmak, Bulujystandaky ýagdaýlar barada maglumatyň çykmagynyň öňüni almak, şeýle-de Bulujystanda onlarça ýyl bäri dowam edýän adam hukuk bozulmalaryny gizlemek maksat edilendigini” aýtdy.
Ol Nýu-Ýokrda gurnalan ýörite çärä gatnaşmalydy. Bu aktiwistiň TIME100 Indiki 2024 sanawynda, onuň adam hukuklary ugrundaky işleri sebäpli, adynyň bellenip geçilmegi bilen baglydy.
Şu ýylyň başynda, Mahrang Baloç Bulujystan welaýatynda zor bilen ýitirim edilmelere we eden-etdilikli adam öldürmelerine garşy geçirilen aýallaryň ýörişini gurnamaga hemaýat edipdi.
Bulujystan Pakistanyň iň iri welaýaty bolup, ol Eýran we Owganystan bilen serhetde ýerleşýär.
2000-nji ýyldan bäri buluçlaryň etnomilletçi toparlarynyň ençemesi Yslamabada garşy söweşýärler. Buluç syýasy toparlary, şol sanda parlament syýasatynyň üsti bilen, sebite has köp awtonomiýanyň berilmegini isleýänler, Pakistany adam hukuklaryny ýiti bozmakda aýyplaýarlar.